UYGUN
10.05.2022 02:19

Ilki bilen hemmäňe aýan etjek,
Haram iýmedim, iýdirmesin Taňry,
Köp boldy, häzirem pyýaň etjek,
Saýladym agy, goýdum gyzyl, goňry.

Göwnüňiz ýetärmi, güýjiňe daýan,
Erkegä sen! hany utanç hem haýaň,
Arka diräp, özüňe arslan saýýaň,
Bagyşlaň! Sebäbi baryňy synadym.

Dagdan direg, daýanjym ýok, Allahym,
Dollar alýan gazanjym ýok, halalym.
Dogry ýaşap, köp alsamam melalym,
Ahyrýete alyp gitjek din imanym.

Ähliňi, synadym, bolşuňy, gördüm,
Näçe gapana göýä, hörek ördüm,
Näçe akylym, bilimi bolsada,
Diňe Allahyma bil baglap ýördüm.

Haram ýollara, ündemäňä, girmen,
Ajam däl, mesem däl, durmuşdan irmen,
Siz tilki boluň! Erkek boljak şirmen.
Mekirsiz akyla, gapana sir men.

Göreşýän ýaşamak üçin mydam,
Ýykylmak üçin dogulmady adam,
Gaýgyny undup, ýaşaýan şadam,
Bu dünýäden, imanlyja gitjek bol!

SYegenbayew
7
27
UYGUN
11 May 2022
❤GÜLHANYYM❤,Ämin Enşalla
❤GÜLHANYYM❤
10 May 2022
Manyly👌galamñyz ýiti bolsun.Udaçi..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.