Мечтааа🦋
09.05.2022 21:01
Bu testi geçmegiň usuly: testde size dürli reňkler hödürlener. Siz reňkleri göwnüňize ýaraýşyna görä yzygiderlikde ýerleşdirmeli. Emma reňk saýlan wagtyňyz saýlan reňkiňiz hiç bir zat (ulagyňyzyň, eşigiňiziň, halaýan fudbol toparyňyzyň reňki we ş.m…) bilen baglanyşykly bolmaly däl.Şunuň ýaly testler adamyň pisihikasynyň ýagdaýyny, stressli ýagdaýlara durnuklylygyny barlamaga, onuň halaýan zatlaryny, kommunikatiw ukyplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.Reňkleriň ýerleşişi Lýuşeriň testine has ýakyn gelse, bu psihikaňyzyň durnuklylygynyň alamatydyr.

Şeýlelikde, saýlan reňkleriňiziň yzygiderliligi şu 4 reňkden başlanýan bolsa, onda siziň psihiki ýagdaýyňyz durnukly:

Sary reňk.
Şadyýan we açyk göwünli häsiýeti alamatlandyrýar. Bu reňkiň ilki saýlanmagy adamyň häsiýetiniň işjeň we pozitiwdigini aňladýar. Lýuşeriň

testinde bu reňkiň soňky saýlanmagy adamyň köpçülikden üzňe, garasöýmez we ýekemezekdigini görkezýär.

Gök reňk.
Gök reňki birinji we ikinji orunlarda goýan adamlar hemişe durnukly, arkaýyn häsiýetli durmuşlaryndan razy, konserwatiw adamlardyr. Gök reňki inkär etmek, ondan ýüz öwürmek we ony soňky orunlara goýmak bir zady alada edýändigiňiziň we bimazadygyňyzyň alamatydyr.

Gyzyl reňk.
Gyzyl reňki saýlanlaryň dürli derejede agressiw häsiýeti bardyr. Olar özlerinden we özüni gurşaýan adamlardan talapkärdirler. Gaýratly häsiýete eýedirler. Eger gyzyl reňk sanawyňyzda yzky orunlary eýeleýän bolsa, diýmek, adam işjeň däldir we insiatiwasyzdyr.

Ýaşyl reňk.
Ýaşyl reňki saýlan adamlar keçjal, emma özüne ynamly, tutanýerli we erjeldir. Bu reňki inkär etmek passiw, jogapkärsiz häsiýetiňiziň bardygynyň alamatydyr.

Indiki dört reňk psihologiýasy sagdyn adamyň sanawynda soňky orunlary tutmalydyr.

Goňur reňk.
Bu reňki saýlamak göwnüňizde aýdylman galan kinaniň, garşylygyň, nägileligiň bardygynyň alamatydyr. Beýle adamlaryň adatça häsiýeti agyrdyr. Jemgyýetden üzňe häsiýeti bardyr.

Gara reňk.
Depressiýanyň, gorkynyň bardygynyň alamatydyr.

Benewşe reňk.
Geň we özboluşly häsiýetiň alamaty. Bu reňki saýlanlaryň pikirlenişi käbir psihologik üýtgeşmä sezewar bolan.

Çal renk.
Bu reňk birinji hatarda goýlan bolsa, diýmek, adam ähli syry açmaga taýyn däl. Ol açykgöwünli däldir. Beýle adamlar özlerini daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşykdan üzňe saklaýarlar.
13
213
Мечтааа🦋
31 Mart 2023
Vah janyma😁
Dusia
31 Mart 2023
Мечтааа🦋,😆😁 sen tarhanlai zyýany ýok jan 😘
Мечтааа🦋
31 Mart 2023
dusia_maksatmyradowna, bagysla grcen yylky yazanyna su vagt jogpa berenim ucin 🤣
Dusia
18 May 2022
Мечтааа🦋, gowmy çagam 🥰
M899
10 May 2022
melewse, gok, sary, yasyl, mamisi, gyzyl
❤GÜLHANYYM❤
10 May 2022
Heartbeat,hoş geldiñiz.profiliñizdaki surat🤗🤗🤗😊
Heartbeat
10 May 2022
Gok sary gyzyl yasyl🥰
Мечтааа🦋
10 May 2022
Alfons, Hawa taze geldim😊
Mr.Muhammet
10 May 2022
Gaty gowy test eken dowam et
Dusia
9 May 2022
GoLd, sağ aman gutulyp saglygyňa gowuşsaň boldy şol.. Döredijiligiňde dowam üstünlik... İň söýýän zadym döredijilik 🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.