Aishaaa🌹
09.05.2022 10:28
Goý mert bol!
Aglama diýdiler kakañ ölende,
Ýöne mertlik bolar eken zym-zyýat.
Ejizlik damaga dolup gelende,
Kaka!
Näme beýle elleriñ sowapdyr?
Ejem aglap otyr kellani dañypdyr.
Dogan-gardaş bary ak biz dikip dur.
Saña näme boldy aýtsana kaka!
Alyp galmak üçin ajal elinden,
Müñ ýola ýol gözläp bolsamda sepil.
Ölüm üstün çykyp at berdi maña,
Indi sen "ýetim", "ýetim" dìýip.
Özùñem birhili dem almaýan ýaly,
Barmaklaryñ göm-gök ysmaýan ýaly.
Mähelle üýşüpdir ses bilen aglaýar bary,
Saña näme boldy aýtsana KAKA!!!
Elim barmasada muny etmäne,
Seniñ gözleriñi men ýapdym KAKA!!!
Bognym ysmasada ýere dözmäne,
Ilkinji gumy hem men atdym KAKA!!!
Bagyşla Kakamjan bagyşla kyblam,
Men nädip gözleriñi ýapyp bildimkäm.
Men nädip bir öziñ galdyryp yerde,
Üstüñe gysym gum atyp bildimmkäm.
Käşgä bu zatlaryñ bary düýş bolup,
Zyñsadym ukyny üstümden serpip.
Senä ýene mana gyzym,çagam diýsediñ,
Menem çaý bersedim ýanyñda Kaka!!!
11
84
Balımmm
23 May 2022
😢😢😢 ...
Myhman Myhman
15 May 2022
Salam
Aishaaa🌹
15 May 2022
Zümrüt🌺,salam gowmy gulim kop wagt girip bilmedim
Aishaaa🌹
9 May 2022
❤GÜLHANYYM❤,😔😔😔
❤GÜLHANYYM❤
9 May 2022
Aishaaa🌹,Endamym jiglap gitdi okamda😣😔
Aishaaa🌹
9 May 2022
❤GÜLHANYYM❤,inshallah agzyndan huday eshtsin👍

Аннагелди,👍👍👍👍👍
Аннагелди
9 May 2022
Papamy onem gowy goryadim indi ondanda beter gowy gordim respekt bu gosga
❤GÜLHANYYM❤
9 May 2022
😥Çaga ene-ata mahrine zar bolmasyn,mahribanlaryndan aýra duşmesin INSHALLAH👍
Aishaaa🌹
9 May 2022
Azadowna,HaPpYGiRL,Perman.,👍👍👍👍
unknown_12
9 May 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.