zumerret_
09.05.2022 09:17

Patyşa we ak at

Patşanyň dillerde dessan bir ak aty bar eken. Patyşa ak atyny beýleki atlaryndan
has-da gowy görüp,ýörýşlere,gezelençlere hemişe şol aty bilen çykarmyş. Ak atyna
bolan söýgüsi has güýçli bolup,öz nökerlerine patyşa:
“Bu at meniň üçin gymmatlydyr. Onuň ölüm habary meni gynandyrar. Kim-de
kim ak atymyň ölüm habaryny getirse onuň başyny kesdirerin”diýipdir.
Wagt geçýär,ahli janly jandarlarda bolşy ýaly ak atyňam ajaly gelýär we ölýär.
Patyşanyň nökerleri gorkmaga başlaýarlar,çünki ölüm habaryny ýetiren adamyň
başynyň kesiljegini bilýärdiler. Hiç biriniň patyşa bu habary ýetirmäge gaýraty
çatanokdy. Emma muňa garamazdan at seýisi bu wezipäni öz boýnuna alýar. Patyşanyň
huzuryna baran at seýisi:
“Patyşam,siziň ak atyňyz!”
“Hawa” diýýär patyşa.
At seýisi:
“Ol aýaklaryny uzadyp ýatyr,gözleri ýumuk,garyny çişipdir,hiç hili dem alanok”
diýýär.
Patyşa:
“Seýis,seýis! Gepiň gysgasy ak atyňyz ölüpdir,diýsene!” diýýär.
Seýis: “ Patyşahym men öldi diýmedim,siz diýdiňiz”,diýýär we ölümden aman
sypýar.
Aýtmak bar-aýtmak bar. Bir zat aýdanymyzda, ýagny beýan edenimizde beýan
edişimiz bilen bir hatarda beýan ediş şekilimiziň uly zerurlygy bar. Ugurtapyjylykly
gürlemek köp zady üýtgedip bilýär. Durmuşda islendik meşhurlyk gazanan adamlara ser
salanymyzda, olaryň dilebaýlyk,ugurtapyjylyk ukybyna eýediklerine göz ýetirip bilýäris.


Çeşme:Üstünligiñ syrlary
🙂
10
67
ideallider
9 May 2022
Zümrüt🌺, ýadyma düşenok. Ýöne şolaryň wakasydygyny anyk bilýän!
ideallider
9 May 2022
Melikee, ony okamandym.
ideallider
9 May 2022
Zümrüt🌺, bolup-bilerdäl. 100% okadym. Ýagny Soltan Söýün gelni hassalap, dünýesini täzelemäge taýyn bolanynda oňa seretmäge dözmän çöle gidýär we "Kim gelnim ýogaldy diýen habary maňa ýetirse ýok ederin we aýrylanyny aýtmasaňyzam ýok ederin" diýýär. Şonda gelni aýrylanynda bu habary aýtmagy Myrala ynanýarlar. Ýagny "Bolup biler" diýmek "50-50" diýmegi ýada "Näbelli" diýmegi aňladýar.🙂
unknown_12
9 May 2022
Догры👍
ideallider
9 May 2022
Soltan-Söýün we Myralynyň gürrüňleri. Soltan-Söýüniň gelni aýrylanynda Myralynyň aýdyşyna meňzeýär👍
Aishaaa🌹
9 May 2022
👍👍👍👍👍🤗😘
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.