Psihologiki durnuklylyk
Birnäçe ýyl mundan ozal sahnanyň garaşylýan otagynda çykyş etmeli seminarym
hakynda oýlanýardym. Şol wagt aklymda bir sorag peýda boldy.
Aýtmaklaryna görä ynsanlaryň köpüsi ýaşaýan durmuşyndan razy däldiler,
bagtsyzdylar. Emma, muňa garamazdan durmuş ýagdaýyny üýtgetmek üçin hiç hili hereket
etmeýärdiler. Yzygiderli zeýrenýärler, emma öňe bolan ymtylyş ýokdy. Men bu
ýagdaýlaryň sebäbini bilmek isledim, ýagny bu bu adamlaryň öňüne böwet bolýan zat
nämedi?
Seminar başlanyndan oňa gatnaşyjylara birnäçe sorag berdim. Soraglaryň ählisine
diýen ýaly, “hawa” diýen jogaby aldym. Soraglarym şulardan ybaratdy:
- Işiňizde uly üstünlik gazanmak isleýärsiňizmi? – Hawa!
- Üstünlik gazanmak üçin näme etmelidigiňizi bilýärsiňizmi? – Hawa!
- Eger, isleýän bolsaňyz üstünlige nähili ýetilýänini hem bilip bilýärsiňizmi? –
Hawa!
- Üstünlik gazananyňyzdan soňra nähili netije boljagyny bilýärsiňizmi? – Hawa!
- Siziň ýoluňyza böwet bolýan zat barmy? – Ýok
Onda, Sizi saklaýan zat näme?!
Siziň içiňizdäki güýjüňizi, duýgularyňyzy baglaýan zat näme?
Az wagt soňra jogabyny özüm berdim: Durnuklylyk!
Durnuklylyk fizikada “Inersiýa” diýmekdir. Bir adam öz işiniň nähili ýerine
ýetirilýänini bilýär, näme üçin etmelidiginem bilýär, eger şol işi ýerine ýetireninde
nämelere
eýe boljagyny-da bilýär, emma şonda-da herekete geçmeýän bolsa, onda ol adam
psihologiki durnuklylyk halyndadyr.
Psihologiki durnuklylyk: islegsizlik bilen ýaltalygyň birigip herekete geçmegidir.
Durmuş durnuklylygyň üsti bilen dälde, durmuş eýsem hereket üstünde gurlandyr.
Afrikada her gün irden bir keýik oýanýar. Iň gaty ylgaýan gaplaňdan tiz gaçmagy
başarmasa, ölüp ýok boljagyny bilýär.
Afrikada şol gün irden bir gaplaň-da oýanýar. Iň haýal gaçýan keýikden tiz
kowalamasa, onda açlykdan öljegini ol hem bilýär.
Biziň gaplaň ýa-da keýik bolmagymyzyň zerurlygy ýok, diňe her gün irden
oýananymyzda etmeli işimizi bilsek bolýar.
Çeşme:Üstinligiň syrlary:)
Postymyň dowamy bolsynmy ?