UKUSYZLYGYŇ DERMANY
Ukusyzlykdan ejir çekýän adam nämeler etmeli?
Ukusyzlyk ukynyň mazasyny alýar, uzak gijäni düşekde iki ýana agdarylyp geçirýäň. Mundan saplanmak üçin:
1. Kabul edilen, okalmasy makul görlen sözleri aýtmaly, Allany ýatlamaly. «Eýsem, ýürekler Allany ýatlamak bilen köşeşmeýärmi?».
2. Zerur ýagdaýynda bolmasa, gündizki ukyny terk etmeli.
Gurhanda aýdylýar «Gündizi bolsa ýaşaýyş wagty etdik» .
3. Ukyň tutýança ýazuw, okuw bilen meşgullanmaly. «Perwer-digärim, meniň ylmymy artdyr» diýen söze laýyklykda, köp zatlary okap öwrenersiň.
4. Gündizlerine peýdaly zähmetler bilen bedeni ýadatmaly. Al-latagala gündizi täze bir durmuş we işe, zähmete meşgul bolmak üçin ýaratdy diýilýär.
5. Kofe, çaý ýaly ukudan açyjy, oýaryjy içgileri az içmeli (az peýdalanmaly).