orhideya_
05.05.2022 19:34
Sagat 12 boldy uklanok şindem
Bu wagt köp adamlar uka gidendir
Diñe bir adamy men anyk bilýän
Şol adam gözünem gyrpman ýatandyr.

Ol adam kimkän diýip oýlanansyñ sen,
Ol iñ mähriban ynsan eger sen bilseñ.
Gijesine rahat ýatyp bilenok.
Belki bu zatlaryñ günäsi sensiñ.

Eje uzak gije gözlerin ýumman,
Perzendi hakynda alada eder.
Oglum akylly bol bitertip bolma,
Diýip daşda bolsa günde jañ eder.

Şu wagt goşgyny ýazjagam däldim
Ýöne ejem düşdi birden ýadyma
Olam ýöne ýerden däldi elbetde
Bir zat bolsa ejem ýetişerdi dadyma.

Ine şeýle ýagdaý edil şu wagt
Elime demlän çaýym ýyklydy
Birdenem ejemjan ýadyma düşüp
Gözlerimden hasrat ýaşy döküldi...
11
174
ŞirnazarTaganow
6 May 2022
Crazy,şu sözüñe sagbola!🙂👍
ŞirnazarTaganow
6 May 2022
Crazy,hemmämiz günä baş goşýas,bilip we bilmezlikden...Esasy ýalñyşlyklarymyz dowamly bolmasyn...
unknown_12
5 May 2022
👍👍👍👍👍
ŞirnazarTaganow
5 May 2022
Kakam maña oglum şu wagta çenli düzetjek bolanlaryñ ykbaly bihuda gitdi.Bes et diýende.Gaty gaharly seredenime häli häzirem ökünýän...😔(ýöne olam bu sözi diýenine ökündi)
❤GÜLHANYYM❤
5 May 2022
❤ like'de bärräkden gaýtýar.Söz ýok...Şèydip ýürekden şöýjekler köp bolsun INŞALLAH
Caryyewajeren
5 May 2022
👍👍👍👍👍👍

👍👍👍👍👍👍
—M—
5 May 2022
Dusia,insalla
Dusia
5 May 2022
—M— 🥺 janym kakaňy sen görmeseňde ol görýändir, halal ýoluny dowam edip bilseň onuň azaby ýerini tapar gülüm...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.