Ependiniň bir guzusy bar eken. Dostlary degşip, ol guzyny iýmek isläpdirler. On-
soň aralaryndan birini Ependiniň ýanyna iberipdirler. Ol baryp:
– Ependi, bu guzyny näme edersiň? Erte kyýamat gopýarmyş, derrew guzyny
soýup, kebap edip iýeli – diýipdir.
Ependi ol adama asla ýüz bermändir-de:
–Gaýtadan baryp ýene oýlan – diýipdir.
Ol adam «Oýlandym» diýip, ýene-de barypdyr, Ependi ahyry razy bolup:
– Onda geliň, bir sähralyga gideliň. Guzyny soýup, kebap edip iýeliň – diýipdir.
Olar bir sähralyga barypdyrlar.
Ependi olara garap:
– Siz dem-dynjyňyzy alyberiň. Men kebap bişirerin – diýipdir.
Ol janlyny soýup, tagam taýýarlaýança, dostlary eşiklerini çykaryp: «Biz egin-
eşiklerimizi seniň ýanyňda goýjak» diýip, suwa düşmäge gidipdirler.
Ependi oturlyşygyň eýesi hökmünde ot ýakypdyr we olaryň egin-eşiklerini oda
oklapdyr.
Bir zamandan soňra dostlary: «Kebap bişendir, iýeliň» diýip, gelip görseler,
ählisiniň egin-eşikleri otda ýanypdyr. Olar bu ahwaly görüp:
– Biziň egin-eşiklerimizi näme üçin ýakdyň? Biz indi näme geýeli? – diýipdirler.
Ependi ýalaňaç galyp, busulyşyp duran dostlaryna bakyp:
– Ertir kyýamat gopýan bolsa, size egin-eşik nämä gerek? – diýipdir.
Günlerde bir gün Ependiniň ýanyna biri gelip:
– Meniň gözüm agyrýar, näme etmeli? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Gözüňi köwletseň gutularsyň – diýende, ol adam:
– Heý-de, gözi köwledip bolarmy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Ýakynda dişim agyrdy welin, men-ä sogurdyp zordan dyndym, senem gözüňi
köwledäýmeseň, o gözagyryndaň dynmasaň gerek – diýip, maslahat beripdir.
Günlerde bir gün Ependiniň öýüne büreler çozup başlapdyr. Ependi näderini
bilmän, öýüne ot beripdir. Özem daşyndan seredip duran, görse, öýi labyrdap ýanyp
duranmyş. Ol ellerini biri-birine urup «kah-kah» edip gülüpdir.
Adamlar:
– Eý, Ependi, nämä gülýärsiň? – diýenlerinde, Ependi:
– Öý ýandy. Büre bilen syçandan ahyry dyndym – diýipdir.
Günlerde bir gün Ependiden:
– Näme üçin bu dünýäniň adamlarynyň köpüsi ibirt-de zibirt bolşup, dürli
taraplara gidip barýarlar? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Eger hemme kişi bir tarapa gitse, ýeriň şol tarapy agralyp, dünýäniň
düňderiläýmegi ahmal ahyryn! – diýip düşündiripdir.
Şorta sözler