Ynsan zehini haýsy hem bolsa bir kynçylygy çözmäge synanyşanda aklyndaky çözüw ýollarynyň iň gowusyny saýlaýar. Kynçylyk adatça daşymyzda däl-de içimizde döreýär.
Kynçylyklar çözüwini tapmanlygymyz üçin emele gelýär.
Näme diýmek isleýänimi aňladýan hekaýa:
Ýaşuly adam tussaghanadaky ogluna hat ýazýar:
“Ýer alma ekmek isleýärin, munuň üçin topragyň gazylmagy gerek. Ýaşym bir çene bardy, hassalygym bir ýandan bolany üçin başaramok. Ýanymda bolsadyň, oglum, nähili gowy bolardy...” Ogly haty okaýar, gynanýar, emma tussaghanada bolany üçin elinden hiç zat gelmeýär. Bu hakyky çäresizlikdir we edip boljak hiç zat ýok ýaly görünýär.
Emma, ogly biziň pikir edişimiz ýaly pikir etmeýär. Haýal etmän kakasyna jogap berýär: “Kaka, mellegi gazmagyn, jesetleri mellege gömendirin!” Polisiýa tussaghana hatyny okap-okaman gözlege çykýar we subutnamalary tapmak üçin mellegi başdan aýaga gazyp çykýar. Emma, mellekden zat çykmaýar.
Birnäçe gün soňra ýaşuly oglundan ýene bir hat alýar. Hatda: “Kaka, bu şertlerde elimden gelenini etdim!”diýip ýazylgydy.
Ýüze çykan päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin akylyň we düşünjäniň güýçli bolmagy zerurdyr. Üstünlik eldäki mümkinçiliklere bagly bolmaýar. Içiňizdäki mehanizme göz ýetirmek üçin, ony bölekme-bölek tanamaly bolýar.