https://owrenmeli.app/23376-oki-postlarymdan-.html#comment
Rova
03.05.2022 11:41
Taryhda täsinlik 7:
Iň gowy bilýän sapagy taryh bolanlaryňam geň galjagy maglumatlar. Bu maglumatlaryň käbiri gülkünç, käbiri gynançly, käbiri gyzykly. Eger bu zatlar taryh sapagynda öwredilsedi, hemmämiziň iň gowy görýän sapagy taryh bolardy :) Hany onda biri-birinden gyzyk täsinlikleri okaly:
22. Benjamin Franklin, ABŞ-nyň birinji teňňelerinden birini ýasady:
Teňňede "Taňra ynanýarys" ýazmalydy, ýöne
"Sen öz işiň bilen bol" ýazýardy.
23. Lakamy "Bluetooth (Mawydiş)" bolan Norwegiýa şasy I. Harald, häzirki wagt tehnologiýasy üçin ylham çeşmesi boldy:
Adamlary bir ýere toplap bilýäni üçin lakamy häzirki wagtda baglanşyk tehnologiýasyna adyny berdi.
24. Beýik Ashoka:
Bu hökümdar gulçulygy, ölüm jezasyny, haýwan zulumyny we tokaýsyzlaşdyrmagy gadaganlan ilkinji hökümdardyr.
25. 18-nji aprel 1930-njy ýylda, BBC "möhüm habar" bolmadygy üçin habarlar bermek ýerine o gün diňe aýdym çaldy.
26. Rimli söwdagär ýasama şaý-sepleri satýany üçin günäkärlendi we Rim Imperatory Gallienus bir ýolbars bilen garşylaşmasy kararyna geldi:
Ýöne kapasa açylanda ýolbars deregine towuk çykdy we şol wagt Gallienus şu sözleri aýtdy: Ol adamlary aldany üçin häzir özi aldanyldy.
Halan bolsaňyz like
Basyň :)
17
130