zumerret_
02.05.2022 21:20

Salam

Salam bılen başlar edebın başy ,
Bu jadyly söz hoş yakyar jana.
Aydyn her adama "Salam " sözünı ,
Goy onun yüregı galkynsyn barha .


Gysganman hıç wagtam salam sözünı ,
Goy mydam agzybırlık ,abatlyk bolsun .
Özümden ulyny gören badyma ,
Kıçılık borjumdyr dıyyarın "Salam"


Salam bermek sünnetdır bu adamlar ,
Salam kalbyn paklar durar her gızem .
Taryplamak kyndyr Salam sözünı ,
Goy yene bır gezek dıyelın "Salam "
.

Aysona Muhanowa


Oratorçylyk sungaty: köpçüligiň öňünde çykyş etmäge nädip taýýarlanmaly



Köpçüligiň öňünde ynamly çykyş etmek üçin geljekki çykyşyňyzyň ýazgysyny ýazmak ýeterlikli däldir. Şeýle-de ony diňleýjileriň öňünde okamak
ýeterlikli däl, bu ýagdaýda ýazgynyň manysy we pikirleri diňleýjilerde täsir gadyrmaz. Eger siz köpçüligiň öňünde çykyş etmäge gorkýan bolsaňyz, geljekki çykyş üçin has çynlakaý taýýarlanmaly.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Muhammedowa Şöhle tolgunmany ýeňip geçmäge we köpçüligiň öňünde çykyş etmäge taýýarlanmak boýunça makalany hödürleýär.
 
Köpçüligiň öňünde çykyş etmek üçin ýazgyny nädip taýýarlamaly 


Ilki bilen köpçüligiň öňünde haýsy maksat bilen çykyş etjegiňizi, çykyşyňyzyň manysyny kesgitlemeli.
Maksat diňleýjileri güldürmek däl-de, eýsem gowy keýp bermek bolsa, çykyş gyzykly häsiýetli bolup biler. Dabaraly çykyş – biriniň nika toýy, ýaş toýy, medal bilen sylaglamak we ş.m. sebäpli çykyş. Ýönekeý çykyş – prezentasiýalaryň iň möhüm bölegi bolan ylmy nutuk ýa-da leksiýa, ýa-da ylham beriji çykyş.

Haýsy diňleýjileriň öňünde çykyş etjegiňizi, olaryň nähili adamlardygyny, haýsy maksat bilen ol ýere ýygnanandyklaryny öňünden düşünmeli. Olar bilen bir dilde geplemek wajypdyr.

Geljekdäki çykyşyň deslapky meýilnamasyny düzmek onuň ýazylmagyna ähmiýetli kömek eder. Giňişleýin ýazylan onlarça sahypanyň ýerine iň möhüm tezislerden ybarat bolan meýilnama has gowy bolar. Kagyzdan gözüni aýyrman çykyş eden adamyň täsir galdyrmagy we köpçüligiň öňünde üstünlik gazanmagy mümkin däldir.

 Köpçüligiň öňündäki çykyşa özbaşdak nädip taýýarlanmaly

 Bir çykyşa öňünden taýýarlanmak isleseňiz, ony diňe ýat tutmak däl-de, gaty ses bilen öňünden okap taýýarlanmak has gowudyr. Şeýlelik bilen, siz öz äheňize we diksiýaňyza has gowy üns berersiňiz. Aýnanyň öňünde taýýarlanyp bilersiňiz, ýöne wideoýazgy iň gowy netijeleri berýär, sebäbi adam aýnada öz şeklini wideoýazgydakydan birneme üýtgeşik kabul edýär.

Çykyş edende, ony duýgular we yşaratlar bilen artykmaç doldurmaly däl, ýöne ýadygärlik ýaly hereketsiz durmak we äheňsiz monoton ses bilen çykyş etmek hem gowy däldir. Zerur duýgularyň derejesini sazlamak üçin, özüňe ynamyň az bolsa, öz çykyşyňy wideoýazga geçirmeli.

Diňleýjiler bilen göz aragatnaşygy zerurdyr. Zalda kimdir birine gözüňi dikip durmak hökman däl, ýöne gözüňizi yhlas bilen gizlemeli hem däldir.

Eger diňleýjiňiz alymlardan, dürli ylymlaryň kandidatlaryndan we professorlardan ybarat bolmasa, adaty adamlar üçin düşnüksiz sözlemlerden we ylmy adalgalardan gaça durmalydyr. Diňleýjileriň içi gysyp başlar ýa-da olar çykyş edýäniň olardan intellektual taýdan artykmaçlygyny görkezmek isleýändigini pikir eder.

Nutugyňyzyň näçe wagt alýandygyna üns beriň. Çykyş näçe gyzykly bolsa-da, bir sagatlap dowam edýän çykyşy hiç kim diňlemek islemeýär.

Çykyşa ýanyňyz bilen bir çüýşe suw alyp gitmek gaty peýdaly bolar (eger çäräniň guramaçylary oratorlar üçin suw goýmadyk bolsa). Gyryk ýa-da boguk ses çykyşyňyzyň ýakymly täsirini bozup biler.

Tolgunmany nädip ýeňip geçmeli

Iň aňsat usuly – ösümlik esasda rahatlandyryjy serişdäni içmek, ýöne ýeňil rahatlandyryjy serişdesi hem ukusyzlyga sebäp bolup biler. Tolgunmany ýeňip geçmek üçin ulanyp boljak birnäçe psihologiki we dem alyş usullary bar. Meňzeş kynçylygy başdan geçirýänleriň köpüsi iň kyn zat – çykyşa başlamakdan ybaratdygyny, soň bolsa gorkynyň we tolgunmanyň öz-özünden aýrylýandygyny belleýärler.

Tejribe näçe köp bolsa, her gezekde köpçüligiň öňünde çykyş etmek aňsat bolýar. Diňleýjieriň öňünde tolgunma bolsa-da, onuň hötdesinden gelmek has aňsat bolýar.
13
129
MissBoss♕
3 May 2022
+peydaly👍🏻👍🏻👍🏻
Aishaaa🌹
3 May 2022
👍👍👍👍👍👍👍
ПерманПоладов
2 May 2022
Zümrüt🌺,😊👍👍👍
ПерманПоладов
2 May 2022
Zümrüt🌺,ёкда егенлерими танаян. Ёне догры гелендирда
ПерманПоладов
2 May 2022
Zümrüt🌺,окузлерденми тиреси?
ПерманПоладов
2 May 2022
Zümrüt🌺,ховва
MissBoss♕
2 May 2022
Zümrüt🌺,bolya🥰
MissBoss♕
2 May 2022
Zümrüt🌺,yaraman bolarmy 😊❤️
MissBoss♕
2 May 2022
HaPpYGiRL,😂😂😂Zümrüt🌺,yadymdan cykypdyr bagysla ...molodes gaty gowy bolupdyr😊👏🏻
جمال
2 May 2022
Zümrüt🌺,Salam...Hawa. Awtory sizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.