Ynsan başaryp biljegine ynansa – ähli zady başarar
1. – Iň uly töwekgelçilik nämedir?
- Töwekgelçilik etmezlikdir.
2. – Iň erbet karar näme?
- Karasyzlyk!
3. – Hyýallaryňyz suwa düşende gamlanmazlyk üçin näme edersiňiz?
- Hyýallaryma başda ýüzmegi öwrederin.
4. – Üstünligiň ilkinji ädimi näme?
- Ynanmak.
5. – Bir türgen ýaryşdan öň nähili pikirlener?
- Çempion ýaly.
6. – Adamyň durmuşynda iň zerur wagty haçan?
- Häzirki ýaşaýan wagty.
7. – Arzuwlar nähili hakykata geçer?
- Isleg halyna gelmese, asla hakykata geçmez.
8. – Adamyň iň beýik garşydaşy kimdir?
- Özi.
9. – Dünýädäki iň zerur adam kimdir?
- Şol wagt aragatnaşykda bolan kişiňiz.
10. – Bir dünýä çempionyny ýeňmek üçin birinji şert näme?
- Onuň kimdigini unutmak.
11. – Haýsy gün siziň üçin pursatlar bilen doly başlanýar?
- Her gün.
12. – Ähli zady başarmak isleýän adam nämäni başarýar?
- Hiç bir zady.
13. – Bir zady başarmagy köp isleýän adam nämäni başarar?
- Ähli zady.
14. – Pikirleriňi paýlaşdygyňça möçberi artýan zat näme?
- Aň-bilim.
15. – Iň köp nämäni bilmeli?
- Näme isleýäniňi.
16. – Wagtymyzy boş geçirmek näme?
- Zehinimizi biderek meşgul etmekdir.
17. – Bir zynjyryň çydamlylygy näme bilen ölçener?
- Iň gowşak halkasy bilen.
18. – Iň gysga ýol haýsy ýol?
Bilýän ýoluňyz.
19. – Haýsy dawa ýeňiş gazanýar?
- Hiç bir dawa.
20. – Iň kör ynsan kim?
- Görmek islemeýän.
21. – Haçan bir adam aýaga galar?
- Ýykylandygyna göz ýetirenden soň.
22. – Adamlar haçan ýeňildi diýip hasap edilýär?
- Haçan-da ýeňilenini kabul edende.
23. – Sözleriňizden-de has zerur bolan zat näme?
- Sözleýiş şekiliňiz.
.
Unutmaň...
Gäminiň ugruny kapitan kesgitleýär. Durmuşyň ugruny düşünjeleriňiz,
düşünjeleriňiziň ugruny bolsa, diňe siz kesgitleýärsiňiz!...