Ene goşgusy
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.
Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.
Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.
Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.
Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.
Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.
Berdınazar Hudaynazarow.
Bız ahlı zady wagt bılen gazanyas , wagt bılenem yıtıryas .