YNSANYŇ PÄK DUÝGULARY
Söýgi
Söýginiň asyl manysy pynhan, çuňňur ýürekden biriniň başga birine bolan
duýgusydyr. Gadymy Hindistanda söýginiň gelip çykyşy üç çeşmeden ybarat diýlip
bellenýär:
Ruhy küýseg dostlugy döredýär,
Akyla bolan küýseg sylagy döredýär,
Tene bolan küýseg islegi döredýär,
Üçüsi birleşip, söýgini döredýär.
Şeýlelikde, söýgi çylşyrymly akyl – emosional erk bilen bagly dinamiki
sistema bolup, ol birnäçe üýtgäp durýan elementlerden düzülendir. Ýüzleý geçip
gidýän duýgudan hakyky söýgi düýplüligi, bitewiligi, berkligi we çuňňur
emosionallygy bilen tapawutlanýar. Söýginiň döremegi we ýitip gitmegi akylpaýhas, erk bilen baglanyşyklydyr. Robetr Heýnleniň aýtmagyna görä: «Söýgüde
bagtly bolmagyň üçin söýgüliň bagtly bolmagy zerurdyr». Söýgüde iki ýürek
birleşmelidir. Ý.Frommuň aýtmagyna görä: «Söýgüde iki ýürek birleşse-de, olar öz
şahsy aýratynlygyny saklaýandyr».
Sternbergiň söýgi triadasy:
Ýakynlaşmak – bu birek-birege emosional taýdan goldaw bermek, gaýgyny
we begenji paýlaşmak, açyk, çyn ýürekden sözleşip, bagtly bolmak, söýgini aýap
saklamakdyr.
Çözgüt. Bu iki hili bolýar:
a) Gysga wagtda oýlanyp, aňyrsynda uly jogapkärçilikli borjuň ýatandygyna
göz ýetirip, netijä gelmek.
b) Uzak wagtlap oýlanyp, aňyrsynda uly jogapkärçilikli borjuň ýatandygyna
göz ýetirip, netijä gelmek.
Eýsem, söýgi näme? Ol haçan, nähili ýagdaýda döräpdir? Belkem, ol baryýogy bedende emele gelen hoş höwes joşgunyny köşeşdirmekdir? Ýa-da bu
bedende özboluşly himiki reaksiýanyň ýüze çykmasynyň netijesimikä, ýa-da bize
näbelli başga bir zatmyka? Bu sowallar ýüzýyllyklaryň dowamynda adamlary,
soňky wagtlarda bolsa aýratynam, edebiýatçylary, şahyrlary, dramaturglary,režissýorlary gyzyklandyryp gelýär. Şeýle-de bolsa, bu sowallara henize-bu güne
çenli alymlar takyk jogap berip bilmeýärler. Olar bu meseläniň bir tarapyny – sähel
salymda söýginiň adamy perwana edýändigini agzybirlik bilen ykrar edýärler.
. Sıze Sorag agzalar:Haysy yurtda ayrylyşmak kanun taydan gadagan edılen ?
😊-----👍 çep tarapda