BaýmuhammetS
27.04.2022 21:37
Bu gije Jebraýyl inip Asmandan,
"Ikra oka !" diýip buýruk getirmiş.
Dünýäni nur etjek beýik Gurhandan,
Bäş aýady Muhammede ýetirmiş.

Byrag atly atyn münüp Pygamber,
Huzuryna barmyş Perwerdigäriň.
Şondan soň mukaddes bolmuş bu gije,
Her musulman zenan,imanly äriň.

Bu gije gelermiş rysgal seçmäge,
Keşbe girip Hydyr aleýhissalam.
Allaň dergähinde kabul bolarmyş,
Uka eýlenmedik arzuwly kelam.

Gapysy ýapylyp ýedi dowzahyň,
Açyljakmyş sekiz Jennet işigi.
Musulman bendäniň doga-dilegi,
Owratjakmyş şeýtanlaryň dişini.

Bu gijäniň nury,gündizden ýagty,
Şudur "Gadyr" hakda bilenlermiz.
Musulman doganlar size arzuwym:
Kabul bolsun ähli dilegleriňiz.

KERIM HALLYÝEW
14
93
BaýmuhammetS
28 Aprel 2022
B.....,🤲🏻
BaýmuhammetS
28 Aprel 2022
Zümrüt🌺, Inşallah
BaýmuhammetS
27 Aprel 2022
G🌼.., Ämin Inşallah

Перман.,Inşallah
Перман.
27 Aprel 2022
BaýmuhammetS, ämin 👍👍👍
BaýmuhammetS
27 Aprel 2022
ETJEK DOGA-DILEGLERIŇIZ ALLAŇ DERGÄHINDE KABUL BOLSUN !!🤲🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.