zumerret_
27.04.2022 17:11
Ahyryna çenlı okan hökman 🙂 Hormatly adamlar!🧿🧿🧿🧿🧿

Remezan (oraza) aýy bereketden doly bir aýdyr. Adamzadyň garaňkylyga bürenen gözýetimini aýdyňladan Kurany Kerim şu aýda inmäge başlapdyr. Yslam dininiň bäş esasyndan biri bolan orazanyň hem şu aýda tutulmagy emir edilipdir. Bu barada Kurany Kerimiň «Bakara» süresiniň 185-nji aýatynda şeýle diýilýär:

»شَهْرُ رَمَضَانَ الَّذِي أُنْزِلَ فِيهِ الْقُرْآَنُ هُدًى لِلنَّاسِ وَبَيِّنَاتٍ مِنَ الْهُدَى وَالْفُرْقَانِ فَمَنْ شَهِدَ مِنْكُمُ الشَّهْرَ فَلْيَصُمْهُ وَمَنْ كَانَ مَرِيضًا أَوْ عَلَى سَفَرٍ فَعِدَّةٌ مِنْ أَيَّامٍ أُخَرَ يُرِيدُ اللَّهُ بِكُمُ الْيُسْرَ وَلَا يُرِيدُ بِكُمُ الْعُسْرَ وَلِتُكْمِلُوا الْعِدَّةَ وَلِتُكَبِّرُوا اللَّهَ عَلَى مَا هَدَاكُمْ وَلَعَلَّكُمْ تَشْكُرُونَ«

«Remezan aýy ynsanlara dogry ýoly (hidaýaty) görkezýän we dogry (hak) bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýan äşgär alamatlary (özünde jemleýän) Kuranyň inderilen aýýdyr. Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin! Sizden her adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar. Alla (ybadatlaryň) siziň üçin ýeňil bolmagyny isleýär, size kyn bolmagyny islemeýär. Bular siziň (oraza aýynyň) sanalgy günlerini doly tutmagyňyz we (Onuň) sizi dogry ýola gönükdirenligi üçin, Allany (hamdy-sena) bilen wasp we şükür etmegiňiziz üçindir».

Remezan aýy sogabyny Allatagaladan umyt edilip yhlas bilen köp ybadat edilýän aýdyr. Bu aýda käbir ybadatlary beýleki aýlardan tapawutly has köp ýerine ýetirmelidiris. Ol ybadatlaryň esasylary gysgaça şulardan ybaratdyr:

1) Oraza tutmak. Oraza tutmak dinimiziň esasy parz ybadatlarynyň biridir.

2) Terawih namazyny okamak. Bu namaz remezan aýynyň gijelerini nurlandyrýan we metjitlerimiziň jemagat bilen dolup daşmagyna sebäp bolýan diňe remezan aýyna mahsus bolan bir namazdyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam:

»مَنْ قَامَ رَمَضَانَ إِيمَاناً واحْتِسَاباً غُفِرَ لَهُ مَا تَقَدَّم مِنْ ذَنْبِهِ«

«Kim remezan aýynyň artykmaç bir aýdygyna ynanyp we Allatagalanyň sogabyny bermegini umyt edip, terawih (tarawa) namazyny okasa, onuň geçmişde eden günäleri bagyşlanar» diýipdir (Buhârî, «Terâvih», 1; Müslim, «Salâtü’l-müsâfirîn», 25).

3) Kurany Kerimi hatym etmek. Her ýylyň remezan aýynda Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Jebraýyl aleýhissalama azyndan bir gezek Kurany Kerim okap beripdir. Biz musulmanlaryň hem Pygamber aleýhissalama eýerip azyndan bir gezek Kurany Kerimi hatym etmegimiz örän sogaply ybadatdyr.

Ubeýý ibn Kagb, Abdullah ibn Mesgud we Muaz ibn Jebel (Allatagala olardan razy bolsun) ýaly kary we alym sahabalar remezan aýynda Kurany Kerimi hatym eder ekenler. Kary bolmadyk sahabalar bolsa ýat tutan aýatdyr sürelerini okar ekenler.

Remezan aýynda metjitlerde Kurany Kerim okalmagy Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň, sahabalaryň we uly yslam alymlarynyň durmuşlary bilen baglanyşykly örän sogaply ybadatdyr.

Gadyrly jemagat!

Kurany Kerimde agzalýan ýeke-täk gije bu iň bereketli gije bolan gadyr gijesidir.

Adamzada dogry ýoly görkezmek üçin gönderilen iň soňky kitap bolan Kurany Kerim şu gijede inmäge başlapdyr.

Bu gijede ýerine ýetirilen ybadatyň öz içinde gadyr gijesi bolmadyk müň aýyň dowamynda ýerine ýetirilen ybadatdan haýyrlydygy mälim edilipdir.

Kurany Kerimiň şu gije bilen atdaş süresinde şeýle diýlipdir:

»إِنَّا أَنْزَلْنَاهُ فِي لَيْلَةِ الْقَدْرِ وَمَا أَدْرَاكَ مَا لَيْلَةُ الْقَدْرِ لَيْلَةُ الْقَدْرِ خَيْرٌ مِنْ أَلْفِ شَهْرٍ تَنَزَّلُ الْمَلَائِكَةُ وَالرُّوحُ فِيهَا بِإِذْنِ رَبِّهِمْ مِنْ كُلِّ أَمْرٍ سَلَامٌ هِيَ حَتَّى مَطْلَعِ الْفَجْرِ«

«Takyk, Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde inderdik. Sen Gadyr gijesiniň nämedigini nädip biljek?! Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr. Ol gijede Perişdeler we Ruh (Jebraýyl) özleriniň Perwrdigäriniň rugsady bilen (özlerine tabşyrylan) ähli işleri (berjaý etmek) üçin (ýere) inerler. Ol gije, tä daň atýança, salamatlyk bolar».

Ymam Buharynyň kitabynda beýan edilen birnäçe rowaýatdan çen tutup, gadyr gijesiniň remezan aýynyň soňky on gijesiniň birine gabat gelýändigini çak etmek mümkin. Çünki Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam remezan aýynyň soňky on gününde metjitde guran kiçeňräk bir çadyrynyň içinde ygtykafa oturyp, bütin durky bilen ybadata berlerdi. Bulardan başga-da Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň gabatlaşan gadyr gijeleri baradaky rowaýatlaryň arasynda bu gijäniň remezan aýynyň 27-nji gijesine deň gelýändigi baradaky rowaýaty alymlaryň köpüsiniň gollamagy netijesinde bu gije gadyr gijesi hökmünde gutlanypdyr.

Aslynda wagtyň gadyryny bilýän, özüni ýaradan, sansyz nygmatlar we gowulyklar bagyş eden Allatagalanyň razylygyny gazanmak niýetinde bolan kişiler üçin her gije gadyr gijesidir. Ylahy aşyklaryň biri bolan Ibn Fariz: «Dost bilen her bir tapyşma pursatynyň juma bolşy ýaly, bütin gijeler hem, Hak nesip etse, gadyr gijesi bolar» diýmek bilen, bu hakykaty örän gowy beýan edipdir.

Gadyr gijesini ybadat bilen geçirmek örän möhümdir. Çünki bu gijede edilen ybadat müň aýda edilen ybadatdan has haýyrlydyr.

Bu gijä mahsus bolan aýratyn bir ybadat bolmasada, bu gijäni Kurany Kerim, namaz okap, doga edip, bilip we bilmän edilen günälere toba edip, Allatagaladan günäleriň bagyşlanmagyny diläp geçirmek iň gowusydyr. Hezreti Aýşadan (Allatagala ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam remezan aýynyň gijelerini şu hili ybadatlary ýerine ýetirmek bilen geçirer eken. Kaza goýan namazlary bolan kişiniň bu gijede iň bolmanda bir günlük namazyň kazasyny almagy ýerlikli bolar. Şeýle etmek bilen hem namaz borjuny ödär, hem gijäni uklaman ybadat bilen geçirdigi bolar.

Bu gije edilýän doga-dilegler babatda aýdylanda bolsa, hezreti Aýşa (Allatagala ondan razy bolsun) enemiz şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyndan (sallallahu aleýhi we sellem): «Eý Allanyň Resuly! Gadyr gijesinde nähili doga edeýin?» diýip soradym. Ol: «اللَّهُمَّ إِنَّكَ عَفُوٌّ تُحِبُّ الْعَفْوَ فَاعْفُ عَنِّي» («Allahumme inneke afuwwün tühibbül-afwe fagfü anni» = «Allahym, sen bagyşlaýjysyň, bagyşlamagy halaýarsyň. Meniň eden günälerimi-de bagyşla!») diýip doga et!» diýdi» (Tirmizî, «Da’avât, 84; İbn Mâce, «Du’a», 5).

Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam gadyr gijesinden söz açyp: «مَنْ قام لَيْلَةَ القَدْرِ إِيمَاناً واحْتِسَاباً، غُفِرَ لَهُ مَا تقدَّم مِنْ ذنْبِهِ» («Kim gadyr gijesiniň derejesiniň uludygyna ynanyp hem-de Allatagalanyň razylygyndan we onuň sogabyndan umydygär bolup, bu gijäni uklaman ybadat edip geçirse, onuň kiçi günäleri bagyşlanar») diýipdir (Buhârî, «Terâvih», 2; Müslim, «Salât», 25).🧿🧿🧿🧿🧿
.
Çeşme ınternet saytlary 🦋 Jemlan :Sonagyz:)





1. -Sana bır zat aytjak ...yöne 5-ı oka

2. Gyssanmada 8-ı okaaa...beh

3. Bılesın geldı damııı??9-y okaaa

4. Neme sen ın gowsy 15-ı oka ;)

5.Aytjak dalll..sen 17-nı oka ...

6. Aydasymm gelıp durda ... sen16-ny oka

7. Bor aytjak sen 2-nı oka sen başda ...

8. Waaahh aytjak bolyan zadym 4-ı oka)))

9. Tolgunmaa!!:) ....18-ı oka

10. Dur entek :)) 19 -y oka

11. Gaharlanmaysana :»)) 13-ı okaaa

12.Neme dıyjekdım.Ay bolyala sen3-ı oka

13. Hazır bılersın 20-nı oka ;)))

14. Gadyrdanymm 1-je layk basayda :)))

15.Bılyann sögünyansın ))yöne 6-ny oka

16. Düşünmedın gerek ? 12-nı oka

17.Uuff natdına ...sen 7-nı oka hou...

18.Sen bara gayrat etde 10-y okayda

19.11 -ı yuwaşjadan oka ındı :))

20. Bolya aytdym onda ...14 -ı okaydaa
.






🙂😊😋😁_____ Çep tarapda👍
20
229
Aishaaa🌹
28 Aprel 2022
Zümrüt🌺,gutlayan gulim trendddd🎉🎉🎉
Перман.
28 Aprel 2022
Сурата 😀👍👍👍
Перман.
28 Aprel 2022
Zümrüt🌺,Ämin hemmamizinkem kabul bolgaý!!!👍👍👍
Dusia
27 Aprel 2022
Zümrüt🌺,😁😋🤪 (aýnap başlaberjek onda)
Dusia
27 Aprel 2022
Zümrüt🌺,ýo gülkim geldi 😂

Uly gyzym görünenokla
Dusia
27 Aprel 2022
Zümrüt🌺, çağam näme gürleýäň😅 kelläme näme bolupdyr
Dusia
27 Aprel 2022
Bolýa janym geregiň like bolsun 😂👍
❁Rose❁
27 Aprel 2022
....👍
Перман.
27 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
-------M-----
27 Aprel 2022
HaPpYGiRL,kiz oyamyn sen 🤓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.