violinist
26.04.2022 10:05
Men sensiz dünýäme juda öwrenşdim...🍂

Men sensiz dünýäme juda öwrenşdim.
Emma sen yene-de dolanjak bolýañ.
Saña golum uzadan-da seretmän,
Indi mätäç wagtyñ gol aljak bolýañ.

"Ilki-hä gitmeklik soñam gelmeklik"
Nirde barmyş durmuşyñ bu düzgüni?!
Men ala ýaz wagtym gitdiñ dünýämden,
Indi gelme, dünýäm misli güyz güni.

Señ beren güllerin soldy bir eýýam,
Agaçlarmyz dökdi sary ýapragyn.
Dillerimde seniñ adyñ ýok indi.
Tüm asmandan indi seni gözlämok,
Meniñ ýolum diñe - sensiz ýol indi.

Wagtyñ barka dön yzyña dolanma!
Menem umytlarma garap uçayŷn.
Señ ýokluguñ-arzuwlarma ýollanma,
Sensizlikde ak bagtymy guçaýyn!
10
77
ayshohle
26 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
Archi
26 Aprel 2022
👏👏👏G🌼..,
Aishaaa🌹
26 Aprel 2022
💔💔💔💔💔
Перман.
26 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
LuCkYGiRl
26 Aprel 2022
G🌼..,Menem sensiz durmusha Juda owrenishdim. ......💔💔💔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.