zumerret_
25.04.2022 15:00
#Wepalyylyk
Söýgi hem wepalylyk biri-birinden aýrylmazdyr. Wepa, messep, ygrar ýok
ýerinde kämil, päk söýgi bolup bilmez. Watana, ene-ata, il-güne, dost-ýara söýgiňi
diňe olara bolan wepaň bilen subut edip bolar. Il içinde biriniň ogul-gyzyna dileg
edilende: ―Il-güne, ene-atasyna wepaly adamlar bolup ýetişsin!‖ diýilýär. Çünki,
wepalylyk, ygrarlylyk bar ýerinde söýgi päk bolýar.
Her çaganyň tebigy taýdan öz hossarlaryna bolan söýgi-mähir duýgusy bar.
Emma şol söýgiň, mähriň çuňlugy diňe olar hakda edýän aladaňa, özüňde duýýan
jogapkärçiligiňe baglydyr. Wepalylyk‖ diýlende Beýik Watançylyk urşunda mertlerçe söweşip, wepat
bolan gerçek ýarlaryna garaşyp, ýalňyzlykda bütin ömrüni ötüren nurana türkmen
zenanlary ýadyňa düşýär. Ol zenanlar söwer ýara wepalylygyň, abraý-mertebäňi
gorap, ýar ojagyny saklap oturmagyň beýik nusgasydyr. Olar bary-ýogy bir-iki ýyl
ýa-da sanalgyja gün bile ýaşaşan ýanýoldaşlaryna bütin ömür boýy garaşdylar.
Bu merdana zenanlaryň köpüsi öz çagalaryny ulaldyp, öýlendirip, agtykly ,çowlukly boldular. Käbiri bolsa, ýekeje perzendi bolmasa-da, öz ýaryna garaşyp,
mukaddes ojagyny saklady. Olaryň ençemesi indi aramyzda ýok. Ol uruşdan bäri
aý-ýyllaryň kerweni geçip dur. Näçe ýyl, asyr geçse-de, urşuň yzynda galyp, ýekeýalňyz ýar ojagyny saklan merdana zenanlaryň söwer-ýara, öý-ojaga wepalylygy
hemişelik il-güne nusga bolup, hakydalarda ýaşar.
Biz şol zenanlaryň nusgalyk görkezen wepalylygy hakynda häli-şindi
ýatlaýarys. Çünki, biz olara guwanýarys, buýsanýarys.
Zenan wepasy mydama-da maşgalanyň sütünidir. Çeper eli bilen nepis
halylary döredýän zenanlarymyzyň köňli, göwni hem has gözeldir, näzikdir,
tämizdir.
Durmuşda käte söýen ýürekler birleşip bilmeýärler. Ykbal işi bilen gyz başga
birine durmuşa çykýar. Ýigit başga gyza öýlenýär. Maşgala gurlup, çaga dünýä
inýär. Ýürek welin köşeşmeýär, söýgi öçmeýär. Emma gyz öz baran ýeri bilen
bolup, öz pynhan duýgusyny, ilkinji söýgüsini ýüreginde gizläp saklaýar. Durmuşa
çykan ýigidiniň sarpasy, çagalary, dogan-garyndaşynyň abraýy üçin öz başky
söýgüsini ýüreginiň çuň ýerinde hemişelik bentläp, diňe maşgalasy bilen bolýar.
Ýigit hem şeýle edýär. Bu hem maşgala, abraý-mertebe üçin öz duýgyňa basalyk
etmegi başarmakdyr, mertlikdir, asyllylykdyr.
Çünki, arada şeýle çuňňur söýgi bolsa-da, ykbala kaýyllyk bilen gyz öz
durmuşa çykan maşgalasy, ýigit hem öz maşgalasy bilen galýar.
. Teswırlere garaşyan📄 ....LIKE basmagy unutman 🛡️
16
283
LuCkYGiRl
26 Aprel 2022
Babu,Wiiiiiiii Yazjak )))))Gel Yarashaly Soz Alshaly Shatlanyp oynap Gulusheli Palta gerekmi GylychZümrüt🌺,Nirde gyz sen gela 😅
LuCkYGiRl
26 Aprel 2022
Babu,Wuji Wuji Gel hany gaharlanma Jogii jogi muzzerme 😼😼😼😼

Zümrüt🌺,Indi bul biz bilen Babu,oynajak dal diyyami 😕😕😕😕
LuCkYGiRl
26 Aprel 2022
Babu,Way Babu manada zat yazypsyna 👀👀👀indi gorda 😅😆☺😋
marguş
26 Aprel 2022
Ana inni kopelli 👍
marguş
26 Aprel 2022
Gynansakda şeýle wepalylyk az şu döwūrde 👍
Archi
25 Aprel 2022
Zümrüt🌺 yylym neme syr bolmasa
Archi
25 Aprel 2022
Zümrüt🌺, okayanmy ishleyanmi ?
LuCkYGiRl
25 Aprel 2022
Zümrüt🌺,👻👻👻👻👻
Archi
25 Aprel 2022
Zümrüt🌺, sorag bersem bolyamy sana☺
Archi
25 Aprel 2022
Zümrüt🌺, a Zümrüt nemeni aňladýa adyňmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.