DEGIŞMELER
Bazarda.
- Aý, kempir, señ sygryña saýawan satyn almagyñ gerek!
- Ony başyma uraýynmy?
- Şeýtseñ, süýdüñ suwy azrak bordy.
* * *
Teatrda.
- Beýle içgysgynç teatrda tomaşaçylaryñ sygyrman durşuna geñ galýan.
- Pallap otyrkalar, nädip sygyrsynlar.
* * *
Iki klasdaş öz ýoldaşlaryny ýatlaýar:
- Ýogsa-da, Bekgi näme kär edýär?
- Ol edebiýat tankytçysy bolup ýetişdi.
- Bä... Aý, hawa-da, ol mekdepde okaýarka-da edebiýaty halanokdy.
* * *
- Men-ä motoletimi satyp, gowuja taýhar edinäýsem diýýän.
- Haý, senem-ä!
- Hä!
- Bir mellek iki eşege darlyk edäýmese...
* * *
- Säher bilen howlugyp nirä barýarsyñ? - diýip, biri nakysdan sorapdyr.
- Gonamçylyga.
- Beýle gyssanyp nätjekdiñ? Wagty gelende özümiz elinje äkidäýerdik-dä...
* * *
- Näme ädimiñi gaty giñ ädip ýöreýäñ?
- Köwşümi tozdurmajak bolýan.
* * *
Bir ýaş aktýor öýüne gelip, özüne komediýada birinji roly berjekdiklerini aýdypdyr.
- Men erkek kişiniñ ~ maşgalabaşynyñ roluny ýerine ýetirmeli! - diýip, ol begenjini daşyna çykarypdyr.
- Zeleli ýok - diýip, kakasy oglyny köşeşdiripdir. - Haçan-da bolsa bir mahal saña gepläp oýnamaly rolam bererler.
* * *
- Siz towuk ferma bolanyñyz bäri ýumurtga alnyşy elli üç prosent kemelip gitdi... Günäñizi boýnuñyza alýañyzmy?
- Ýok, ýoldaş derñewçi.
- O näme üçin?
- Sebäbi ýumurtgany men däl-de towuklar guzlaýar.
* * *
- Dost ýene-de öýlenipsiñ diýip eşitdim. Öýleneniñ-ä oñat welin, öñem-ä iki aýala aliment töleýäñ. Munyñam-a... Aý, näme. "Her iş bolsun, bähbit bolsun" diýipdirler.
- Wah, bähbit-le, dost. Munym üç ýerden aliment alýan eken-ä!
* * *
- Itiñ ýarakmy?
- Ýok, ýöne sessiz ýapyşaýýar.
- "Mal eýesine çekmese şumluk" diýenleri-dä.