uMuT
25.04.2022 04:40
Söýýän diýip alda meni söz bilen,
 Bolmanda bir pursat bagtly bolaýyn.
Soňra näme boljagyny bilemok
Aý onsaňam näme bolsam bolaýyn.

Söýýän diýip alda meni söz bilen,
Bagtdan ýaňa heýkel deýin doňaýyn.
Bagtyň owazyny bagtyň ysyny,
Bir pursatlyk, bir pursatlyk duýaýyn.

Söýýän diýip alda meni söz bilen,
 Belki şol iň soňky ýaşaýşym bolar.
Toprak tutuş bedenimi gizlese,
Diňe saňa bakyp gözlerim galar.

Ýürek bir aýylganç howsala duýýar
, Bu gün bar men, belki ertir bolmaryn.
Şu gün alda, şu gün alda söz bilen,
 Belki ertir çagyrsaňda gelmerin.
9
48
Myhman Myhman
25 Aprel 2022
Mlds gowy eken
uMuT
25 Aprel 2022
Minnetdar hemmaminize
Aishaaa🌹
25 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Caryyewajeren
25 Aprel 2022
Birinji like menden👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.