Gabanjaňlyk
Gabanjaňlyk – munuň özi haçan-da kimdir biriniň söýýändigine,
wepadarlygyna, durky bilen berilendigine şübhelenmedir. Gabanjaňlyk hemme kişä
mahsusdyr. Ýöne biri gizlin gabansa, beýlekisi aç-açan gabanýar. Biriniň
gabanjaňlygy seresapdan çalaja bolsa, beýlekisiniňki gödekden namysa degiji
bolýar. Gabanjaňlyk köplenç bir taraplaýyn bolýar – äri gelnini ýa-da tersine gelni
adamsyny gabanýar, iki taraplaýyn gabanjaňlyk gaty seýrek duş gelýär.
Gabanjaňlyk diňe bir är-aýal arasynda bolýar diýip düşünmek bolmaz. Käbir
halatlarda gaýynene, gaýynata hem gelnini özgelerden gabanýarlar. Ogluna gep
berip, onuň ýüregini çişirip, oglunyň ýüreginde gabanjaňlyk duýgusyny
döredýärler, öz elleri bilen çagasynyň gününi bulaýarlar. Ýene bir ýagdaýda ogluny
gelninden gabanýarlar, gelni ogluny azdyrýan, ony özlerinden sowaşdyryp duşman
edip, ellerinden ogluny alyp barýan ýaly duýýarlar.
Gabanjaňlygyň ýene bir görnüşi bolýar. Ol hem erkegiň ýa-da aýalyň
ýoldaşyny ýürekden söýüp, ony ýelden-günden, sowukdan, dilden-gözden gorap,
agyr surnukdyryjy işden gorap, şoňa bir zatlar bolaýmasyn diýip, alada-ünjüde,
ýanýoldaşyny yzarlap ýaşamakdyr. Her kım öz pıkırını teswırlerdw yazyp bıler .... Lıke 👍 basmagy unutman 🛡️