violinist
24.04.2022 09:28
Söndi,
seniň her bir aýdan sözüňden
Umyt bile ýanýan, kalbym her şemi
Duýgularym garap galdy yzyňdan...
Gitdiň,
galdym özüm bilen hemşeri

Şonda asman çybarlatdy gözýaşyn
Onuň yzyn menem alyp ugradym
(Nädeýin men, çydamady berdaşym)
Asman ýeri, men ýüzümi suwladym
(Ýer asmana begenendir kän gezek,
Meniň üçin kim begendi?
Bilmedim.)

Söýgüňsiz aç,
aç garna-da ýatamok
Bilýäň-ä, duýgulam şeýle çümhörek
Sojap dur, hüňňürdisäm ýatanok
Diýýär maňa, diňe, diňe sen gerek

Bar hakydam hoşlaşykda galypdy...
Wagt entek galdyrmandyr-a ökjänem
Ýok,
Ýok,
Özüm däl.
Duýgulam ýazypdy
Saňa baran iň soňkyja bukjanam

Ylham GURBANALYÝEW
15
115
LuCkYGiRl
25 Aprel 2022
G🌼..,Gutlayan seni 💐💐💐💐🌺🌺🌺kabul et)))
perizadym
25 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Aishaaa🌹
24 Aprel 2022
✒👏👏👏👏👏
Caryyewajeren
24 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
LuCkYGiRl
24 Aprel 2022
G🌼..,📚📚📚📚📑📑📑📑📑
Перман.
24 Aprel 2022
👍👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.