sahet_ashyrov
23.04.2022 09:34
TARYHY ÝOMAKLAR

Leonid Ilýiç Brežnew aeroportda. Ol trapyñ üstünde Gromyka bilen hoşlaşyp, onuñ bilen üç gezek ogşaşýar. Şundan soñ olaryñ ikisi-de bir samolýota münýär. Ikisi-de Bonndan Moskwa uçýar.

* * *

Leonid Ilýiç Brežnew Bakuwda çykyş edende, şeýle diýýär: "Ýaşasyn, Owganystanyñ nebitçileri!".

* * *

- "Kiçi ýer" bilen "Igoryñ ýörişi hakynda hekaýatyñ" arasynda nähili meñzeşlik bar? ("Kiçi ýer" Brežnewiñ ady bilen kitap görnüşinde çykarylypdy).
Ikisiniñem awtory näbelli.

* * *

- Brežnew döwründe sowet ykdysadyýetiniñ uçudyñ gyrasynda durandygy hakmy?
- Dogry. Ýöne şondan bäri ol gaty uly ädimler ätdi.

* * *

Ýokary derejedäki ýygnak gidip dur. Çilim çekişlik yglan edilýär. De Goll kümüş çilim gapyrjagyny çykarýar. Onuñ ýüzünde şeýle ýazgy bar: "General de Golla minnetdar Fransiýadan".
Jonson altyn gapyrjagyny çykarýar. Onuñ ýüzüne: "Lindona söýgüki aýalyndan" diýilip ýazylypdyr.
Brežnew göwher bary çaýylan çilim gapyrjagyny çykarýar. Onda şeýle ýazgy bar: "Onuñ Alyhezretleri imperator Aleksandr II-ä -Russiýa dworýançylygyndan".

* * *

Brežnew bilen Gromyko dostlukly sapar bilen Afrika ýurtlaryna gelipdir. Uçar ýere gonansoñ, olary garşylamaga gelen afrikalylar dumly-duşdan hyñ beripdir. Brežnew bilen Gromyko trapa münüpdir. Şonda Brežnew apbasylygy ýokaryk zyñyp-gapypdyr hem-de Gromyko şeýle diýipdir:
- Şaýyñ iç tarapy düşdi. "Bijeli oglan aglamaz" diýipdirler. Indi öpüşmek señ gezegiñ.

* * *

Brežnew bir adamyny ýanyna çagyryp, oña şeýle diýipdir:
- Sen Kremlde otur-da, kommunizmiñ şapagyny garşyla! Aýda 300 manadam menden al...
Ýañky adamyñ göhi gelipdir. Dogrusy, gönenipdir. Aýda 300 manady jübüsine urup, döşüne kakyp, gezip ýörmüşin. Günlerde bir gün ol ABŞ-a gezelenje gidipdir. Şol ýeriniñ prezidenti ýañky adamyny garşylap, oña şeýle teklip edipdir:
- Halypa, gowusy, gel, sen meñ ýanymda işle. Ak tamda oturagetdin kommunizmiñ şapagyny garşylarsyñ.
- Weý, muny! Bu adamlar, nä, pekgedir öýdýäñmi? - diýip, ýañky adam ör-gökden gelipdir. - Sizde men wagtlaýyn işlemeli boljak, SSSR-de welin şu işim maña ömürlik kepil geçilen iş!

* * *

Leonid Ilýiç gyz agtyjagy bilen henek edýär:
- Meñ ýaly ullakan bolañsoñ, kim bolasyñ gelýä?
- Baş sekretar bolasym gelýä!
- Weý, bize iki sany baş sekretar nämä derkar?

* * *

Daşary ýurt habarçysy Brežnewden soraşýar:
- Siz şeýle ägirt ýurduñ üpjünçilik meselesini nähili çözýäñiz?
- Şundan añsat zat ýok. Muny merkezleşdirmegiñ üsti bilen çözýäs. Bar zady Moskwa getirýäs, Moskwadanam ilatyñ özi gerekli ýerine daşaýa.

* * *

Brežnewiñ ejesi Moskwa ~ oglunyñ ýanyna görme-görşe gelipdir. Oglunyñ öýünde gymmat bahaly zatlary, hyzmatkärleri, garažlarda maşyn köküni görüp, ejesi pahyr ýarym-ýaş aglapdyr:
- Wah, Lenýa jan, oguljygym! Eger-de birden gyzyllar ýene-de ýurdy alaýsalar, ikimizi näderkäler?

* * *

Sowal:
- Brežnew Sowet Soýuzynyñ marşaly diýen ady näme üçin aldy?
Jogap:
- Kremli alanlygy üçin.

* * *

SSSR Aragatnaşyk ministrligi Brežnewiñ şekili çekilen poçta markasyny çykarypdyr. Marka bukjalara oñat ýelmeşmändir hem-de ýygy-ýygydan gaçypdyr. Ýörite komissiýa munuñ näme üçin şeýle bolýandygynyñ magadyna ýetipdir: ilat markany ýelimlemeziniñ öñinçäsi onun arka tarapyna däl-de, ýüz tarapyna tüýküripdir.

* * *

Günlerde bir gün Brežnew bilen Karter ýaryşmaşak, kim uzak aralyga öñ geçmeşek edipdirler.
Karter has ýaş bolansoñ, elbetde, Leonid Ilýiçden ozupdyr. Bu ýaryş metbugat sahypalarynda şeýle şöhlelendirilipdir.
Amerikanyñ metbugaty: "Düýn uzak aralyga ýaryşda Kartwr birinji bolup, Brežnewem soñky bolup geldi".
Sowet metbugaty: "Uzak aralyga geçirilen ýaryşy Brežnew ikinji bolup tamamlady, Karterem soñkyñ öñ ýany bolup tamamlady".

* * *

Gyzyl ploşadda.
- Kaka, bu diwar nämä gerek?
- Galtamanlaryñ geçmezligi üçin?
- Haýsy tarapdan geçmezligi üçin?

* * *

Iki aýal biri-biriniñ ýanynda çagalarynu magtaýarlar.
- Dogan jan, meñ oglum edil Karl Marksyñ özi-dä! - diýip, birini aýal agzyny köpürjikledip gürläp ugrapdyr. - Hiç kitaphanadan çykanok, şol okap ýör, okap ýör...
- Meniñ oglum-a agynjal Leniniñ ýaşlyk ýyllaryndaky bolşuna ogşaýar - diýip, ikinji aýalam gürrüñe goşulypdyr. - O türmeden çykyp, bu türmä girip ýör.

* * *

- Kommunist bolduñyzmy? - diýip, başlyk ýanyndakydan sorapdyr.
- Ýok - diýip, işe alynjak jogap beripdir.
- Dogryñy aýt, hany, göni ýüzüme gara!
- Weý, başlyk jan, ýadyñyzdan çykaýdymy? Mundan on ýyl ozal şu taýda meñ arzamy öz eliñiz bilen ýyrtyp, "Ozal basmaçy bolan ekeniñiz!" diýmänmidiñiz näme?

* * *

- Ogullamdan aýlanaýyn, üçüsem akylyñ öýi. Her hepde gelip, meniñ halymdan habar alyp gidýärler.
- Çagalañ näme kär edýä?
- Biri söwdagär, ýene biri reketçi, beýlekisem milise.

* * *

Iosif Stalin Bagirowy ýanyna çagyryp, oña barmagyny çommaldyp, käýinipdir:
- Sizde parahorluk ýaman ösüpdir diýýäler. Şondan ötri, size iki hepde möhlet ~ parañ soñuna sogan ekilsin. Ýogsa-da, eýgilige garaşmañ!
- Ýoldaş Stalin, bir hepdä ýetirmän Azerbaýjanda parahorlugy teýim-takyr ederin. Ýöne siz maña şoñ üçin näme berjek?

* * *

Ýangyjy gutaran uçar adamhorlaryñ mekan tutan jeññelligine gonupdyr. Uçardan iñlis, fransuz, ors düşüpdir. Üçüsiniñ hem amanyny-zamanyny ýetirmän, adamhorlaryñ serkerdesiniñ ýanyna eltipdirler.
- Bu ikisini bişiriñ-de, agşamlyk şamyna taýýarlañ! - diýip, serdar iñlis bilen pereñlini görkezipdir. - Muny bolsa... - Ol orsa ümläpdir. - Syrtyna depip, bärden kowup goýberiñ!
- O näme üçin? - diýip, adamhorlar haýran galypdyr.
- Bu meñ tabakdaşym bolupdy. Ikimiz Moskwada ýokary partiýa mekdebibde bileje okapdyk.

* * *

Deputatlaryñ ýygnagy gidip dur. Gün tertibinde ýurdy ykdysady krizisden alyp çykmak meselesi keserdilipdir. Biri çykyp, şeýle diýýär:
- Geliñ, ABŞ-a, Kanada, Günbatar Ýewropa uruş yglan edeliñ. Olar bizi ýeñerler hem-de ykdysasy krizisden alyp çykarlar.
- Birdenkä biz ýeñäýsek näme? - diýip, oturanlardan biri sowal beripdir.

* * *

- Oglum, "Özbegistany Orsyýediñ basyp alşy" diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.
- Ýogsa-da, señ özüñ haýsy temadan gorapdyñ?
- "Özbegistanyñ Orsyýede meýletin goşulmagy" diýen temadan gorapdym.

* * *

Bir möjek ferma müdirini süýräp barýamyş. Onuñ bolup barşyny gören tilki yzyndan gygyrypdyr:
- Eý, möjek dogan, sen goýun ýerine ferma müdirini alyp barýañ-la?
- Nädeýin dagy?... Fermañ goýunlary arryk-da! - diýip, agyr ýüki göterip barýan möjek has-haslapdyr.

* * *

Bir gaz joşup-joşup gürläpdir:
- Men ördegiñ daýzasy.
Pişigem ondam kem galmandyr:
- Menem gaplañyñ balasy.

* * *

Çeññege düşen balyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ah çekdi:
- Arman nebsime buýrup bilmedim-dä, ýogsa, geçip durmaýan günüm ýokdy...

* * *

Daşary ýurt habarçysy Wladimir Ilýiçe sowal berýär:
- Siziñ pikiriñizçe, Russiýada näçe sany hakyky bolşewik bar?
Proletariatyñ serdary biraz böwrüni diñläp, şeýle jogap berýär:
- Meñ bilýänim-ä, üç sany: Lenin, Ulýanow we men!

* * *

Stalin döwründe üç adamyny türmä dykypdyrlar. Kamerada olar birek-birek bilen tanyşýarlar.
- Seni näme üçin basdylar?
- Görnükli partiýa işgäri Radegi tankyt edenim üçin...
- Menem şol adamyny goldanym üçin.
- Menem Radegiñ özi.

* * *

Iki sany gedaý otyr. Biriniñ döşüne "Iwan", beýlekisiniñkä "Abram" diýlip ýazylypdyr.
Ötegçiler pul taşlap geçip durlar. Olar Iwana bir manat oklasalar, Abrama hiç zat bermändirler.
- Senem döşüñe "Iwan" diýip ýaz, onsoñ, saña-da pul bererler! - diýip ötegçileriñ biri oña maslahat beripdir.
Ötegçi gidensoñ, Abram Iwana şeýle diýipdir:
- Moýşa, ýankyny gördüñmi? Bu alasamsyk ikimize akyl berjek bolýa!

Rus metbugat materiallaryndan terjime edildi.

Çeşme: "WATAN" gazeti, 1996 ý.
10
103
Myhman Myhman
12 Iýun 2022
SSSR dowrunde u
Aishaaa🌹
23 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
ideallider
23 Aprel 2022
Ajaýyp eserler, aýdýanyň gowy we dogry, ýöne bu zatlar meniň tagamymdäl🙂👍
sahet_ashyrov
23 Aprel 2022
IDEALLIDER, bu yerde ady agzalyan sahsyyetler SSSR-in gornukli adamlary belki google girsen sahsyyetler barada owrenip bilersin
ideallider
23 Aprel 2022
Ajaýyp eserler, ýomak bu sarkazmdälmi!? Manysyna düşünýänweli, meselem "Planyň gurultaýy" diýilip ýazylan bir bölümde ol gurultaýa degişli hiçbir info bilmänim sebäpli birhili düşünmedim, ýa bir şahsyýeti ýazýaňyz ol şahsyýetiň häsýedi baradada hiçzat bilmämsoň ýene hiçzat düşnüksiz. Şol sebäpli okamok
sahet_ashyrov
23 Aprel 2022
IDEALLIDER, sag bol sps yomaklañ manysyna dusunsen gaty uly many beryar yone dusunmek kyn
ideallider
23 Aprel 2022
Ajaýyp Eserler! Siziň erbet post goýanyňyza duşamok, okamasamam azabyňyz üçin Like. Tüweleme göz degmesin, siz irginsiz ýaltanman ýazýaňyz😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.