TARYHY ÝOMAKLAR
Çagalar bagynda.
Aýazbaba:
- Çagalar, dünýäde iñ owadan oýnawaçlar haýsy ýurtda bar?
Çagalar hor bilen:
- Sowet Soýuzynda!
Aýazbaba:
- Iñ owadan, kaşañ egin-eşikler haýsy ýurtda bolýandyr?
Çagalar hor bilen:
- Sowet Soýuzynda!
Aýazbaba:
- Iñ bagtly çagalar haýsy ýurtda?
Çagalar hor bilen:
- Sowet Soýuzynda!
Birdenkä Wowajyk hork-hork edip, aglamaga durupdyr.
- Sen nämä aglaýañ? - diýip, Aýazbaba oglanjykdan sorapdyr.
- Sowet Soýuzynda ýaşasym gelýä! - diýip, Wowajyk jogap beripdir.
* * *
SSSR halklarynyñ mähriban perzendi Leonid Ilýiç Brežnew Aýazbabany gören badyna gülüp ugrapdyr:
- Siziñ ata-babalaryñyzyñ añyrsy gardan ýasalan diýýärler welin, şo çynmy?
- Çyndyr! - diýip, Aýazbaba jogap beripdir. - Ýogsa-da, siziñ ata-babalaryñyzyñ añyrsy töññeden diýýärler welin, şol dogrumy?
- Dogry... Ýeke meñki däl, eýsem ähli kommunistleñ añyrsy şoñ ýaly berk tohumdan tutulandyr.
* * *
Täze ýylyñ öñüsyrasy Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow hammama barypdyr. Ony gören badyna erkek kişileriñ barysy taññyrlary bilen uýat ýerini ýapaýypdyr.
- Ah-ow, ýigitler! - diýip, Gorbaçýow ör-gökden gelipdir. - Bolşuñyz näteñet? Biziñ barymyz erkek kişi ahyry?!
- Aý, biz yzyñyz bilen Raisa Maksimowna hem gelýärmikä öýdüpdiris! - diýşip, ýerli-ýerden jogap beripdirler.
* * *
Añzakly sowuk günleriniñ birinde ors işçisi Staliniñ ýanyna baryp, şeýle diýipdir:
- Iosif Wissarionowiç, sen, heý, bir zatlar gurupdyñmy?
Stalin oýurganypdyr-da:
- Aý, ýok, guran zadym ýok! - diýip, jogap beripdir.
Şundan soñ ýañky Brežnewiñ ýanyna barypdyr.
- Leonid Ilýiç, sen, heý, bir zatlar gurupmydyñ? - diýip sorapdyr.
- Aý, ýok-la... - diýip, Brežnew oña jogap beripdir.
Şundan soñ işçi Gorbaçýowyñ ýanyna baryp, morta sowal beripdir:
- A-how, Mihail Sergeýewiç, Stalin hiç zat gurmandyr, Brežnew hiç zat gurmandyr... Indi men señ nämäni üýtgedip gurýanyña, teý, düşünemok.
* * *
Rabinowiçi partiýa götermändirler. Anyklanyp görülse, ol ataman Petlýuranyñ toýunda saz çalan eken.
- A sen nämä boýun alýañ? - diýip, dostlary janygypdyr. - Petlýuranyñ toýunda-da bolamok, sazam çalamok diýmezlermi?
- Boljak zadyñ gürrüñini etsene! Býuro agzalarynyñ barysy şo toýa barypdy ahyry...
* * *
Kolhozyñ umumy ýygnagynda traktorçynyñ serhoş bolup, turzan topalañy üçin, oby ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Bir ýaşuly ýerinden turup, şeýle teklip beripdir:
- Geliñ, ony diwara söýäp, atalyñ!
Kolhoz başlygy indi bütinleý başga döwürdigini, biziñ ýurdumyzda beýle zatlara ýol berilmeýändigini düşündiripdir.
Ýañky goja ýene ýerinden turup, traktorçyny asmagy teklip edipdir. Başlyk janygup, ýene oña düşündiripdir: "Kolhozda bary-ýogy ýeke traktorçy bar. Onsuz oñup bilmeris".
Şundan soñ garry üçünji sapar ýerinden turupdyr:
- Onda, geliñ, atbakary asalyñ!
- Atbakary näme üçin asmaly?
- Kolhozda iki sany atbakar bar ahyry!
* * *
- Doñuz ýaly halyña sadaka dilemäge utanañokmy? Işlemek gerek!
- A-how, men şu wagt işden boşap durşum-da...
* * *
Daglyk obalaryñ birinde bir garry ölüm pellesinde ýatyr.
- Oglum, bar, partorgy çagyryp gel, jan bermäkäm partiýa bir girip galaýyn...
- Kaka, sen ömürboýy kommunistleñ garşysyna göreşip geldiñ, indikiñ näme?
- Aý, ogul, düşün, ynha, ölerin welin, bir kommunistiñ sany-ha azalar.
* * *
- Puşkiniñ aradan çykan gününiñ ýüz ýyllygynda kim hakda köp gürrüñ edildi?
- Stalin hakda.
* * *
Serhet. Gümrük barlagy dowam edýär. Italýan gümrük gullugynyñ lybasyndaky serçe sowet emigrant serçesiniñ goşlaryny barlap durşuna şeýle diýýär:
- Öz mähriban höwürtgäñizi näme üçin terk edýäniñize birjigem düşünemok. Gazetleriñizde ýazyşlaryna görä, azyk-suwlugyñyz bol-telki ýaly. Däne hasylynyñ ýigrimi prosenti ýollarda gyzyl-ýaýryt bolup ýatyr! Size hiç düşünýän däldirin!
- Diñe gara garnymyñ gaýgysy däl! - diýip, ýurdundan hemişelik çykyp gidýän serçe çüñkünu galdyrypdyr. - Jürküldäsimizem gelýä?..
* * *
Alymlar akyl-huşy babatda täsin bor roboty döredipdirler. Olar roboty işe girizip, ondan şeýle sorapdyrlar.
- Sen haýsy wezipede işläsiñ gelýä?
- Men ýurduñ prezidenti bolasym gelýä! - diýip, robot olara jogap beripdir.
Alymlar "Aşa köpbilmiş robot nämä derkar?" diýipdirler-de, robotyñ akylynyñ 20 %-ni aýryp, ony ýene işledipdirler.
- Meni oblast ispolkomynyñ başlygy ediñ! - diýip, robot olara bada-bat buýruk beripdir.
Alymlar ýene roboty söküpdirler. Bu saparam onuñ beýnisiniñ işleýşini 20 % azaldypdyrlar. Robot herekete giren badyna sag elini gulagyna ýetirip, azmly ýüzlenipdir:
- Hany, ýeke-ýekeden dokumentleriñizi görkeziñ!
* * *
Günlerde bir gün Kapitalizm, Sosializm we Kommunizm özara duşuşarman bolupdyrlar. Kapitalizm bilen Kommunizm bellenilen wagtda gelipdir. Ýöne wagty bilen Sosializmden derek bolmandyr. Ahyry Sosializm demi-demine sygman, haslap gelipdir-de, şeýle diýipdir:
- Bagyşlañ, kolbasañ nobatyna durdum-da, eglenäýdim...
- Nobat diýýäniñ näme? - diýip, Kapitalizm sorapdyr.
- Kolbasa nähili zat? - diýip, Kommunizm geñ galypdyr.
* * *
Durgunlyk ýyllarynda Rim papasy Sowet Soýuzyna gelermen bolupdyr. Ony aeroportda nähili şygarlar bilen garşy almalydygy barada uzak wagtlap kelle döwüpdirler.
Papa uçardan düşüp gelýärkä "Ähli ýurtlaryñ proletariatlary, Tañrynyñ haky üçin, birleşiñ!" diýen ullakan şygary okapdyr.
* * *
- Kommunizmde ogurlyk bormuka?
- Kim-de-kim sosializmi başyndan geçirse, onuñ "zadym ogurlanar-ow" diýip, gorkup oturasy işi ýok.