orhideya_
17.04.2022 21:01
Kalbyma iññe bilen solmaz sapakly,
Sünnäläp edilen keşdediñmi sen?
"Gitme"-diýdim,
"Saklan"-diýdim yzyñdan,
Gygyrdym birjede eştmediñmi sen?

Gam-gussalam basyp iki egnimden,
Basmarlady çökeripdi dyzyma.
Sen şonda, bar zady bilmedik bolup,
Ýöräp gitdiñ, hiç seretmän yzyña.

Sen gitdiñ, dünýeden sowaşdym kem-kem,
Çekip aýralygyñ, hasrat ezýetin.
Maña diýseñ juda kiçi göründi,
Bir wagt kalbyma sygmaz göz ýetim.

Ýene men boldummy wepasyz söýgiñ,
Halal ähdim bilen jepasyn çeken.
Bagt,
Söýgi,
Mähir, şulardan eziz,
Saña özge zatlar gadyrdan eken...
11
46
gulshatayewa97
17 Aprel 2022
Kartinkadaky söz gaty doğru... We goşgyň soňky setirleri💔
Перман.
17 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.