GOŞJAN SEÝITMÄDOW
ÝAŞYL ÝAPRAKLAR
(Dowamy)
***
- Dost, ýor, öýe baryp, ýüz gram içeli.
- Ýör.
- Dost, ýör, restorana gideli.
- Ýör.
- Dost, ýör, gezelenje gideli.
-Ýör.
- Dost, maşynyň bilen magazinden bir halta un getireli-le?
- Wah, zerur işim bar-da. Ýogsam näler giderdim-le...
***
Men redaksiýa bir hekaýa eltdim. Olar: " Hekaýanyň ýokarsyny aýyrmaly" diýdiler. Beýleki redaksiýa eltsem:" Ortasyny aýyrmaly" diýdi. Üçünji redaksiýa eltsem:" Aşagyny aýyrmaly" diýdiler.
Indem hekaýamy papkama salyp goýaýdym. Wagt geler, redaksiýalar "birleşerler" welin, onsoň çykaraýaryn!
***
Ol çypdyrma pikirini gögertjrk bolup, reňkini agartdy oturyberdi!
***
Sagat göni dokuz bolanda ol işgär naçalniginiň yzy bilen onuň kabinetine girdi. Sagat alty bolanynda-da onuň öň ýanyndan kabinetden çykdy.
"Işlänok" diýip gör-dä hany!
***
Ýigrimi sany goşgy ýazan ýaş şahyr tribunada gaýşarylyp otyrdy. Ýigrimi sany kitap ýazan belli ýazyjy bolsa zalda ýygrylyp otyrdy.
***
Ajaýyp adamlara duşanymda ýa-da olar hakda kitaplarda okanymda, şolara gözüm gidýärdi.
Durmuşdyr. Belkem, maňa-da gözi gidýänler bardyr.
***
Näme üçin her bir ynsan dogduk mekanyny eý görýärkä? Megerem gözini açyp, ilkinji göreniniň şol ýer bolanlygy üçindir.
***
Agyr ýükli eşeginiň üstüne eýesiniň münüp barýanlygyny görüp, oňa kesekiniň nebsi agydy.
Eýesi näme üçin muny duýmaýarka?
***
Oňat nahardan keýpini köklän kliýent ofisianta sag bol aýdýar. Eli süýji aşpez bolsa hiç kimiň ýadyna düşenok.
***
Ýogsa-da! Näme üçin aram-aram şemal bolýarka? Megerem ol ajaýyp gülleriň hoşboý ysyny jümle-jahana ýaýradyjy bir hadysadyr?
***
Deňiz balygynyň yşkyna düşen guş ýeriň barlygyny-da unudýar.
***
Bir desse çemen götereniňe guwanma, onuň ýanynda bir desse "temeniňem" bardygyny unutma!
***
Deňziň gahary gelende bulutlar aglap ugraýar.
***
Sogana ajy diýme. Ol käbir teýeneli sözlerden müň esse süýjüdir.
***
Käbir adamlara egin-eşigi görk berýär. Käbirine-de pikir-paýhasy görk berýär.
***
Gowy adamyň erbet güne düşmegi-gybatçylar üçin aşgatykdyr.
***
Dogan bar-özüňdenem ileri, dogan bar-duşmanyňdanam gaýra.
***
Penjegiňi ilik saklar, abraýyňy -il.
***
Şir dyrnagy bilen tanalsa, ynsan pähimi bilen tanalýar.
***
Seniň iň wepadar ýoldaşyň- kölegäň. Ýöne şolam iň açyk, iň oňat günde seniň yzyňa düşýär.
(Dowamy bar)