zumerret_
15.04.2022 16:08
Seslenmegi başarmak
Bir ýaz gününde bir kör adam şäheriň iň owadan ýerleriniň birinde dilegçilik edip
otyrmyş. Dyzlarynyň üstünde duran kagyzda “Dogabitdi kör” diýip ýazylgydy. Adamlar
dilegçiniň deňinden üns bermän geçip durdylar. Bir akylly adam bu ýagdaýy görýär we
kagyzyň arka ýüzüne bir zatlar ýazýar hem-de körüň öňünde goýýar.
Az wagt soňra, ol ýerden geçen we bu kagyzdaky täze ýazgyny okan ähli kişi
dilegçiniň öňündäki guta pul atmaga başlaýarlar. Ähli kişä täsirini ýetiren we dilegçini
gutusynyň puldan dolmagyna sebäp bolan bir sözlemdi. Sözlemiň mazmuny şulardan
ybaratdy:
“Gör, nähili ajap ýaz güni... Emma, men bu ajap ýaz gününi görüp
bilemok... ”
17
74
Princessa
16 Aprel 2022
Gaty dogry
Перман.
15 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
❁Rose❁
15 Aprel 2022
Hakyky...👍
MissBoss♕
15 Aprel 2022
👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
ideallider
15 Aprel 2022
Pul berseň ýene pula zar bolar, gazanç etmegi öwrenseň özi gazanar👍
Lälijek
15 Aprel 2022
Zümrüt🌺,gowmy joram
Lälijek
15 Aprel 2022
🖒🖒🖒🖒🖒
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.