https://owrenmeli.app/22588-hekaya.html#comment
violinist
15.04.2022 10:54
Bir adam çyn ýürekden söýýän gyzyna goşgular ýazýardy. Soňra gyz ol adamy birden terk etdi. Ol adam gyzyň yzyndan goşgulary ýazmagyna dowam etdi. Örän köp ýazdy we günüň birinde meşhur şahyrlaryň biri boldy.
Günleriň birinde gyzyň ýaşaýan şäherine gitdi we uly bir goşgy aýdylyşyk gurnady. Goşgular gutarandan soň adyna birnäçe goşgular ýazylan aýal adamsy bilen çykyşa geldi we ol şahyra "Salam!" diýdi. Şahyr oňa adaty bir adama sereden ýaly seretdi. Zenan "Meni tanamadyňmy?" diýdi. Ol "Ýok, tanamadym" diýip jogap berdi. Zenan gahar bilen "Nähili tanaňok?! Adyma goşgular ýazdyň seni şahyr eden zenan men." Ol adam zenanyň gözlerine seretdi we şeýle diýdi: "Keramat sende bolsady, ol goluňa dakan adamyň hem şahyr bolardy!:)"...
12
90