ÝazmyratMazyýew
15.04.2022 00:56
Ýadymda, çagakak ir säher bilen
Ejemjan demlärdi süýtli çaýyny.
Hem aýryp goýardy aýratyn jamda
Her kime bermeli gaýmak paýyny.

Baldyr, mürepbesin goýardy orta
Hem orta goýardy elin mesgesin.
Çalyp saçakdaky myssyk çörege
Höwes bilen iýerdik biz hemmesin.

Käsämize atyp nogul-nabady
Üstüne guýardy süýtlüje çaýdan.
Her sözünde besläp arzuw baryny
Ejem bize bagt dilärdi Hudaýdan.

Başgaçady keýpi şol säherleriň,
Süýtli çaýyň lezzetide başgady.
Göwnüme bolmasa şol ajap günler
“Garalyklar” biziň öýden daşdady.

Ol çaýyň başynda sargardy ejem
“Akyllyja boluň mekdepde” diýip.
“hem okaň, öwreniň, nusga boluň siz
yhlas bilen zähmet çekmekde” diýip.

Şol öwütler bilen akja köýnekli,
Ýol aldyk her säher mekdebe sary.
Şol öwütler bilen akja köýnekli,
Ýol aldyk ak bagta-geljege sary.

Şol öwütler, şol süýtli çaý ýetirdi,
Beýik maksatlara, beýik işlere.
Olar büdretmedi kötel ýollarda
hem goýup gitmedi aňzak gyşlara.

... Pejiň gapdalynda, öýüň töründe,
Oturardyk bir saçagyň başynda.
O mahallar oýun-gülküden başga,
Ýeke pikir ýokdy gara başymda.
7
93
ÝazmyratMazyýew
15 Aprel 2022
Bolya
ÝazmyratMazyýew
15 Aprel 2022
62513226 men okayan. Galanny smsde yazysayaly

Yadatdylay garasmak biderek. Sms yazay gowsy

Aloo aloo jogap??
ÝazmyratMazyýew
15 Aprel 2022
Zümrüt🌺, howwa
Aishaaa🌹
15 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
❤GÜLHANYYM❤
15 Aprel 2022
Galamñyz ýiti bolsun.goşgy 👍👍👍Ýatladym gecenleri😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.