violinist
14.04.2022 00:01
Ýaşaýyşda bir kanun bar, ýaşamak,
Galan zatlaň bary gelşine görä.
Bolup ýörseň ýel ugruna ýelgamak,
Ugradyp göýbärler gelşiňe görä...

Garga saýrap bilbil bolmaz asyl-ha,
Ruhy ejiz kynçylykdan basylýa.
Söz ýürekden çyksa gulak asylýa,
Akylam bermeli alşyna görä...

Dana kişi bizar etmez özünden,
Dürün tirer sözüň köpi-azyndan,
Habarly bol tomus,gyş,güýz,ýazyndan,
Boluber ynsanlaň bolşuna görä...

Aldanma şelaýyn ýylgyrsa biri,
Görip adam özün ýakýandyr diri,
Üşüksiz aň-aşyk, bolsa-da iri...
Kenegiň agramy gurşuna görä...

Diýrler uzak güler ahyrky gülen,
Oýun etme adam duýgusy bilen.
Ýazgytda ne baryn Ýaradan biler,
Göwnüňe jaýlaber bilşiňe görä.


Gülşirin Hanowa
11
44
HoJoM
14 Aprel 2022
Tuweleme..! 👍
Перман.
14 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.