ÖZI GARRAMADY, SURATY GARRADY (Dünýä Edebiýaty)
Oskar Waýld-yň iň meşhur eserleriniň biri ,,Dorian Greýiň suraty,,(1891ý.) atly romanydyr.
Bu romanda ýaş görmegeý Dorian Greý atly bir ýigit bir täsin hadysa duçar bolýar. Ol wagtyň geçmegi bilen garramaýar, emma onuň suraty garraýar. Bu ýagdaýdan peýdalanyp, Dorian Greý lezzete kowalaşýar,köp erbet işleri edýär we öz söýýän gyzyny Sibilla Weýn-i taşlaýar,sebäbi, öýlenmek ýaş ýigidiň ýaşlygy gözelligi gider pikirde. Onuň eden erbet işleri onuň suratynyň ýüzünde yz galdyrýar. Surat gün-günden garraýar, betnyşan bolýar ahyry ony görüp,ol suraty ýok etjek bolup,Dorian Greý suratyny pyçaklap kesip ýyrtýar we netijede özi ölýär.
Ýazyjy bu romanda adam öz eden jenaýatlary, erbet işleri üçin hemişe ruhy ejir çekýändigini we öz wyždanyny hiç haçan aldap bilmejekdigini görkezýär.