Aishaaa🌹
13.04.2022 10:21
Bile harpy tanadyk,
Tanadyk biz sanlary.
Bir otagyñ içinde ,
Tanadyk biz känleri.

Kolumb,Puşkin,Galileý,
Işlik,sypat,çalyşma.
Goh turuzsak mugallym:
"Ünsli diñle güluşme!"

Söýgüde ýok,gaýgy-da,
Şatlyk gùlki bolçulyk.
Käte dawa-jenjeller,
Aradellal,sülçülik.

Uklap partañ üstünde,
Ellermize daýandyk.
Şol ukudan maý aýy,
"Soñky jañda"oýandyk.

Gözlerñizde ýaş gördüm,
Ýùregñìzde gaýgyny.
Goşguly beýan etdik,
Mugallyma söýgini.

Indi kimler gullukda,
Kim okuwda başagaý.
Kimem pikir edipdi,
Bolarys diýip biz öweý.

Mysal,diktant ýazyşan,
Gyzlar öýme dañypdyr.
"Gelin"diýen at alyp,
Edil bagta çùmùpdir.

Gör neneñsi ùýtgeşik,
Synlap otyr wagt bilen.
Bu öwrümli durmuşdan,
Jogap şeýdip nagt geler.

✒ Kerim Hally
14
96
GaýypgulyBaýramow
14 Aprel 2022
Salam
Aishaaa🌹
13 Aprel 2022
Melikee,bolya bolya howwa talyp
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.