violinist
12.04.2022 21:02
Yşgym-yşgyñ deñlemesi.
Seniñ çözmeli deñlemäñ.
Dogrulygyñ çözgüdin tap
Jogapsyz halym geñlemän.

Öwür-çöwür meseläni,
Duýgularmy ýaýa gapla.
Köpelt-azalt, aýyrda-goş,
Söýýänligim ýatda saklap.

Soñra bolsa deñlik goý sen,
Amal eden jemligiñe.
Ykbal hasabyñ edeñde
Sala salma çem gelene.

Garalama saýma göwnüm,
"Barlag" depder ýaly aýa.
Gadyrly bolarmyş bagtam,
Öz wagtyndan gelse haýal.

Ýañaklarmy ezen çagym,
Garaşmaklyk nemlerinden.
Haraý gözletme derdime,
Elýaglygyñ emlerinden.

Ynjyly günleñ ýazygy,
Eşretiñi ürküzmesin.
Barlygñy görkezen Alla
Ýoklugyñy görkezmesin!

Laçyn Öwezowa
13
61
ylham_gurbanaly
13 Aprel 2022
Gadyrly bolarmyş bagtam, Öz wagtyndan gelse haýal
HoJoM
12 Aprel 2022
.......👍
Перман.
12 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
❤GÜLHANYYM❤
12 Aprel 2022
👍👍👍👍"Meselami cozup ber" diyip şey diýalerda😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.