Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
12.04.2022 20:31

Synag üçin geldik, ýalançy dünýä,
Iman gazanmaklyk, derkardyr munda.
Kime wepa berdi, talaňçy dünýe,
Haka daýanmaklyk, derkardyr munda.

Çyn dostuň, ýüregiň, dertleşip bilseň,
Özge çekişjek ýok, bagryňy dilseň,
Ýamanlyk edip, il gözüne ilseň,
Toba eýlemeklik, derkardyr munda.

Namazy, kalp päklige, uý başarsaň,
Aýal netin, ýaşlykda duý başarsaň,
Yzyňda ýagşy at, goý başarsaň,
Zekat paýlamaklyk, derkardyr munda.

Eý, ynsan men-menlik har eder seni,
Nazar sal, Reb, ýokdan, bar eder seni,
Ýetimi ynjytma, zar eder seni,
Garyp sylamaklyk, derkardyr munda.

Garyp nana zardyr, ýeke dogana,
Duşman degmez eken, köplük bolana,
Ene - atasyz sarylyp solana,
Güler ýüz bermeklik, derkardyr munda.

Garrylyk nahaldyr, ýaşlyk derekdir,
Ozaldan ynsana edep gerekdir,
Pyragym, ýoluňdan ýazýan seýrekdir,
Hangeldi, ýazmaklyk, derkardyr munda.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.




15
64
sahyrlar_we_men
4 Iýun 2022
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow., Gosgylan manyly eken. Dowam.
ŞirnazarTaganow
12 Aprel 2022
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.,saña ynamym bar!..👍
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
12 Aprel 2022
ŞirnazarTaganow, Howwa olar ýaly ýazsaňam boljak eken dost.Nesip bolsa indiki şygyrlarmyň üstünde köp işlärin
Myhman Myhman
12 Aprel 2022
Çok sewdim 👏👏👏
Lälijek
12 Aprel 2022
🖒🖒🖒🖒👏👏👏
Aishaaa🌹
12 Aprel 2022
👍👏👏👏👏
ŞirnazarTaganow
12 Aprel 2022
"Çyn dostuñ ýüregni,dertleşip bilseñ Özge çekişjek ýok,bagryny dilseñ Hem ýaman kylyp ger,il gözne ilseñ Toba gelinmeklik,derkardyr munda"-diýsek,has beter gowy bor!-sende talant bar!👍
Перман.
12 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.