Ar namysy baýdak edip göterýän,
Ejizleri kynçylykdan gutarýan.
Baran ýerlerinden baýdak getirýän,
Maksada okgunly ýigitlerimiz bar.
Her demde Halygy ýadyna salýan,
Eziz pederinden pentlerin alyan.
Her bir görenlere görelde bolýan,
Edepli-ekramly ýigitlerimiz bar.
Märekäni gyzyl -gyrlym güldürýän,
Öýkeliniñ öýkesini òldirýän.
Şeýdip adamlara özin aldyrýan,
Şadyýan,şahandaz ýigitlerimiz bar.
Bu gùn hakykaty sözlese Gerçek,
Diýýäler çyn ärler ýogaldy birçak.
Pikir etme Watan üçin jan berjek,
Gara batyr kybap ýigitlerimiz bar.