Paradise
12.04.2022 01:07
Ömrüñ başy

Ynha sallançakda " iññä " bäbejik
Mähirli, enaýy " iññä "babejik.
Ýap-ýañyja dünýä geldi jägildäp,
Indem uklap ýatyr dynç alýan ýaly.
Ylla özün uzyn ýola häzirläp.

Görle, gysymjygyn mäkäm düwüpdir,
Diýýäler " Aý şuýa gysganç bor gaty! "
Ýok, düşüniñ oña, ol ýap-ýañyja,
Hakyñ beren ömür dänelerini
Gaçyrmajak bolup, berk gysyp ýatyr.

Oýanýar, birden hä gaşyny çytýar,
Birdenem ýylgyrýar???
Ezizleriniñ göwnüni çaglap görýär ol
Soñra çyny bilen aglap görýär ol.

Käwagt küýsän deý gözel dünýäni,
Näzijek gollaryn gerýär bäbejik.
Ylahdan berilenje duýgylaryny,
Häzir bir-bir synap görýär bäbejik.
62
234
barlagcy
17 May 2022
Tuwelem yasy uzun gorjegi gowy goc ogul bolsun
ylham_gurbanaly
19 Aprel 2022
Paradise, gowy, gowmy oy iceri, okuwlar)
Paradise
13 Aprel 2022
Gulshat_, howa
Gulshat_
13 Aprel 2022
Denizhanjyk kim ogluńyzmy
Перман.
13 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
13 Aprel 2022
Mlds💋💋💋
Myhman Myhman
12 Aprel 2022
Gvja cagajk
Paradise
12 Aprel 2022
YGurbanaly23, salam gowy gowmy ozuninem howa Denizhanjyk
Gülhan
12 Aprel 2022
Göz degmawersin🌼)
❁Rose❁
12 Aprel 2022
Çaga durmuşyň bezegi...🧿👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.