K.Maysa02
11.04.2022 14:41

Türkmen we Daşaryýurt ýolbaşçylarynyň edebi biografiýasy(terjimehaly).



Häzirki türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri, sowet partiýa we döwlet işgäri, Orta Aziýada sowet häkimiýetini gurmak hem pugtalandyrmak baradaky işe işjeň gatnaşyjy, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy.
Gaýgysyz Atabaýew1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň maşgalasynda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç bilimi Tejendäki ýerli rus mekdebinde alýar. 1907-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Seminaride okan döwründe rewolýusion herekete goşulýar hem patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar.
Gaýgysyz Atabaýew 1907-1912-nji ýyllarda Maryda we Bäherdende ýerli ors mekdebinde mugallymçylyk edýär. Ýerli halk wekillerine mugallymçylygy ynanmazlyk barada Ors patyşalygynyň magaryf ministriniň beren buýrugy esasynda Gaýgysyz Atabaýew mugallymçylykdan boşadylýar. Şonda soň 1912-1917-nji ýyllarda Mary bankynda işläpdir. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň, Maryda sowet häkimiýetini guramak hem pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär.
1917-1918-nji ýyllarda işçiler we soldatlar deputatlarynyň Mary uýezd sowetiniň türkmen seksiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, uýezd azyk komitetiniň başlygy, Mary uýezd sowetiniň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary, 1919-njy ýylyň iýun aýyndan bolsa başlygy bolup işleýär. 1919-njy ýylyň noýabryndan 1920-nji ýylyň iýulyna çenli Zakaspiý oblast rewolýusion komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türküstan ASSR –niň Ýer işleri halk komissary, 20-nji ýylyň sentýabryndan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy wezipelerine saýlanýar. Şol bir wagtda-da Fergana frontunyň rewolýusion sowetiniň başlygy bolýar. 1923-nji ýylyň iýunyndan Buhara Halk Sowet Respublikasynyň Nazirler-Ministrler sowetiniň başlygynyň orunbasary bolýar. 1924-nji ýylyň oktýabryndan Türkmenistan rewolýusion komitetiniň (Türkmenistan SSR-niň ilkinji hökümetiniň), 1925-nji ýylyň fewralyndan Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna saýlanýar hem ömrüniň ahyryna çenli 13 ýyllap dynuwsyz şol wezipede işleýär.
1922-nji ýylyň oktýabryndan RSFR-iň Milletler işleri baradaky Halk Komissarlygynyň kollegiýasyna agzalyga saýlanýar. 1935-nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar.
1937-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda başlanan tutha-tutluklaryň sebäbini anyklamak hem bu işi togtatmak maksady bilen Gaýgysyz Atabaýew Moskwa gidýär hem Stalin bilen duşuşmak isleýär. Ýöne ondan kiçiräk ýolbaşçylar, köne tanşy Kaganowiç bilen duşuşyp, onuň öýünde Türkmenistanda Moskwa tarapyndan edilýän eden-etdilikler barasyndaky aladalaryny gürrüň berýär.  Kaganowiç howsala düşere esasyň ýokdugyny aýdyp, Ýežowyň ýanyna barmagy maslahat berýär. Ol Lubýanka – NKBD-niň edarasyna – Ýežowyň ýanyna 1937-nji ýylyň 11-nji iýulynda barýar hem şol ýerden gaýdyp çykmaýar.
Atabaýewe "Türkmen azatlygy guramasyny" döretmekde, daşary ýurtlardaky milletçi kontrrewolýusion guramalara içalyçylyk etmekde günä bildirilipdir, surnukdyryjy, ynsanlyk mertebesini kemsidiji soraglar 1938-nji ýylyň fewralyna çenli dowam edipdir. Ahyrsoňy Atabaýew: "Siziň özüňiz kontrrewolýusion iş bilen meşgullanýarsyňyz, arassa adamlara töhmet atýarsyňyz, halk duşmanlary siziň özüňiz" diýip, oturan pola çüýlengi oturgyjyny goparyp, sülçiniň depesinden indirýär, şol wagt Atabaýew sorag edilýän kabinetde atylyp öldürilýär hem şol günüň ertesi oňa ölüm jezasy çykarylýar hem hamana şol hökümden soň atylyp öldürilen hökmünde resmileşdirilýär.
2000-nji ýylda Moskwadaky "Memorial" guramasy Stalin repressiýasynyň pidalarynyň sanawyny kitap görnüşinde çap etdi. Şol kitapda Gaýgysyz Atabaýewiň ady hem bar.
Gaýgysyz Atabaewiň jesedi başga-da 4.5 müň adam bilen bilelikde Moskwa şäherine degip duran "Kommunar" sowhozynda – Sewernaýa Butowo diýen ýerde doganlyk mazarda.
1967-nji ýylda Aşgabatda Atabaýew hem Podwoýsk köçeleriniň çatrygynda Gaýgysyz Atabaýewe Ýadygärlik bina edildi. Gynansakda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda ol ýadygärlik aýryldy.
Türkmen okyjylaryna meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň Gaýgysyz Atabaýewe bagyşlap ýazan "Gaýgysyz Atabaý" atly romanyny mälimdir. Bu eser esasynda "Gaýgysyz Atabaý" atly kinofilmi hem düşürildi.


##########


Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow 1940-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat etrabynyň Gypjak obasynda doguldy. Milleti türkmen. Kakasy Atamyrat 2-nji Jahan urşunda Kawkaz söweşleriniň birinde wepat bolýar. 35 ýaşly ejesi Gurbansoltan, doganlary 10 ýaşly Muhammetmyrat we 6 ýaşly Nyýazmyrat 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolýarlar. Bu maşgaladan diňe 8 ýaşly Saparmyrat aman galýar. Ony garyndaşy Gurbanmyrat aga ýygnaýar. Oňa ene terbiýesini berýär.
Ol Aşgabatdaky 20-nji orta mekdebi tapawutlanyp tamamlaýar. Zähmet ýoluna 1959-njy ýylda başlady.
Ýokary bilimi 1963-1967-nji ýyllarda Leningrad Politehniki institutynda alýar.
Okuwyny tamamlap Büzmeýin GRES-inde inžener ussasy bolup işe başlaýar. 1970-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli partiýa we sowet organlarynda jogapkärli wezipelerde işledi.
1980-nji ýylda Aşgabat şäher komitetiniň birinji sekreatarylygyna saýlanýar.
1985-nji ýylda ol Türkmenistan Ministrler Sowetiniň Başlyklygyna bellendi, şol ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň plenumynda Türkmenistanyň Kommunistik Partiýasynyň Merkez Komitetiniň birinji sekretarlygyna saýlanyp Türkmenistanyň Hökümetiniň başyna geçyär.
1990-njy ýylyň 27-nji oktyabrynda ählihalk saýlawlary netijesinde ol Türkmenistan Sowet Sosiýalis respublikasynyň prezidentligine saýlandy. 1991-nji ýylyň maýynda Dünyä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň prezidentligine saýlanyldy.
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky referendum bilen Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edyär we Saparmyrat Nyýazow Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti saýlanýar.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyn agzasy bolýar.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistan özüniň pul birligini (MANAT) çykarýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde BMG tarapyndan ykrar edilyär.
Saparmyrat Nyýazow ykdysady we syýasy ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistan Ylymlar Akademiyasynyň akademigidir. Halklaryň arasyndaky dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary göz ňňünde tutulyp, S.A.Nyýazowa birnäçe abraýly halkara baýraklary berildi. Saparmyrat Nyýazow Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň birinji laureatydyr. Ol Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň we “Altyn Aý” medalynyň üç gezek eýesidir (Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, Türkmenistanyň Bitaraplygy we Türkmenistanyň bugdaý garaşsyzlygy üçin berildi).
1995-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen ählihalk referendumynda türkmen halky nobatdaky saýlawlary geçirmezden Prezidentiň ygtyyarlyklaryny ikinji möhlete uzaltdy we oňa Türkmenleriň başy diýlen "Türkmenbaşy" adalgasy berildi.
1999-njy ýylyň dekabrynda bolan Halk Maslahatynyň, Milli Galkynyş hereketiniň we Ýaşulular maslahatynyň bilelikdäki Mejlisi Saparmyrat Türkmenbaşyny Türkmenistanyň ömürlik Prezidenti diýip yglan etdi.
Nyýazow 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 21-ne ýüregi durup tarpa taýyn aramyzdan gitmeli boldy. Ol Gypjakdaky Ruhy Metjitde jaýlanan, ýatan ýeri ýagty bolsun.
Ýazan kitaplarynyň sanawy: Ruhnama, Ruhnamanyň ikinji kitaby, Meniň ruhybelentlik baharym, Türkmenistan bagtym meniň, Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy, Mähribanlarym we Türkmen ilim aman bolsun.


##########


Wladimir Wladimirowiç Putin (Rusça doly ady: Влади́мир Влади́мирович Пу́тин) Russiÿa Federasiÿasynyñ şu wagtky Prezidentidir. Putin 7-nji Oktÿabr 1952-de Sowÿet Soÿuzynyñ Leningrad şäherinde Dünÿa gelÿär. Ol 1999-2000 we 2008-2012 ÿyllary arasynda RF-nyñ Premÿer Ministri bolandyr. 2000-2008(1-nji gezek Prezidentlik döwri) we 2015-nji ÿylyñ 7-nji maÿ aÿynda bolsa 2-nji gezek Prezident wezipesine saÿlanandyr. Bulardan daşary Putin, Birleşen Russiÿa Partiÿasynyñ başlygy wezipesinde hem işländir.

Syÿasy Durmuşy:
Boris Ÿelsiniñ Birleşen Russiÿa Partiÿasyna goşulmazyndan öñ Putin 16 ÿyl boyunça KGB-de Uly Leÿtenant wezipesinde işländir. 1991-nji ÿylda öz dogulan ÿeri Sankt-Peteburgda syÿasata başlaÿan Putin, 1996-da Moskwada göçüp barÿar we Ÿelsiniñ partiÿasynda tiz wagtda ÿokary wezipelere gelmegi başarÿar. 1999-njy ÿylda Ÿelsiniñ garaşylmadyk ÿagdaÿda syÿasatdan aÿrylmagy netijesinde Putin, geçiji hökümetde "wagtlaÿynça doladyryjy prezident" wezipesine başlaÿar. 2000-nji ÿyldaky prezident saÿlawlarynda Putin Russiÿa Federsiÿaynyñ prezidenti wezipesine saÿlanÿar. 2004-nji ÿyldaky prezident saÿlawlarynda Putin Russiÿa Federsiÿaynyñ prezidenti wezipesine 2-nji gezek saÿlanÿar. 2008-nji ÿylda Russiÿa Federasiÿasynyñ Konstitusiÿasynyñ 2 gezek prezident saÿlanma kodeksine laÿyklykda täzeden prezident saÿlawlaryna gatnaşmaÿar we Przidentligi öz partiÿasy Birleşen Russiÿadan Dmitri Medwedew gazanÿandyr. Putin 2008-2012 ÿyllary arasynda RF-niñ premiÿer ministri bolÿar we 2011-nji ÿylda "2 gezek prezident saÿlanma" kodeksini Konstitusiÿadan aÿyrÿar we 2012-nji ÿylda 3-nji gezek Birleşen Russiÿa Partiÿasyndan prezidentlige saÿlanÿar.

Putin döwüründe Russiÿa ekonomiÿasy:
1999-2008-nji ÿyllar arasynda RF-niñ ekonomiÿasy 2,5 esse ulalÿar, işgärleriñ aÿlyklary 3 esse artÿar, işsizlik we garyplyk bu döwürden öñki wagt bilen garşylaşdyrdygymyzda 2 esse azalÿar. 2014-15 ÿyllaryndaky Krym RF-ÿe baglama we Dünÿa Nebit krizisini göz öñünde tutmasak, Purtin wagtynda RF-niñ kişi başyna düşÿän girdejisi 72% artandyr. Elbetde bulardan daşaryda RF-niñ tebigy baÿlyklary we Soÿuz wagtyndan galan söweş tehnologiÿalaryny dogry wagtda we dogry ÿerde ulanmagy başaran Putin, RF-yi 15 ÿylyñ içinde täzeden bütin Dünÿade syÿasy taÿdan sözi geçÿan sanaglyja döwletleriñ hataryna getirendir.


##########


Jon Fisžerald Kennedi (John Fitzgerald Kennedy) (29 Maý 1917 – 22 Noýabr 1963).
ABŞ-nyň döwlet işgäri. Irland asylly baý katolik maşgalasynda dogulýar. Londonyň ykdysadyýet mekdebini we Garward uniwersitetini tamamlaýar (1940 ý.) 1941-1945-nji ýylarda ABŞ-yň harby deňiz güýçlerinde gulluk edýär. 1947-1953-nji ýyllarda Massaçusets ştatyndan wekiller palatasynyň agzasy. 1953-1960-njy ýyllarda senator, 1960-njy ýylda prezident saýlanýar. Ol ABŞ-nyň 35-nji prezidentidir. "Täze sepgitler" hem-de kosmosy özleşdirmek baradaky "Apollon" maksatnamalarynyň awtory. 1963-nji ýylyň noýabr aýynda Dallasda atylyp öldürilýär.
Žon Kennedi ilki ýurduň ykdysady pese gaçmasyny togtatmagy başardy. Ykdysadyýetini janlandyrmak üçin salgytlary peseltmek isledi. Emma onuň bu teklibini kongress goldamady. Ol aram özgertmeleriň käbirini durmuşa geçirmäge eýgerdi. Ol iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçirdi. Raýatlaryň hukuklary hakynda kabul edilmegini-de gazandy. Emma ol bilimi ösdürmek ýa-da garrylara lukmançylyk kömegini bermek ýaly syýasatlaryny durmuşa geçirip bilmedi. Ýöne kosmos barlaglaryny güýçlendirmegi welin, amala aşyrdy.
Kennedi daşary syýasat meselesinde SSSR we sosialistik ýurtlar bilen gatnaşyklarda ylalaşykly syýasatyň tarapdarydy. Ýöne onuň eglişikli daşary syýasatyna N. Hruşýow ABŞ-yň ejizligi hökmünde nädogry düşünipdi. Dogrusy, "sowuk urşuň" soňuna çykmaga Hruşýowda mümkinçilik bolupdy.
Kennedi 1963-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-sinde Tehas ştatyndaky Dallas şäherinde üsti açyk maşynda barýarka öldürildi. Ol aram özgerdişler ugrunda göreşen prezident hökmünde halkyň ýadynda galdy.


##########


ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Hüseýin Obama (4 Awgust 1961) — Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentidir (2009-2017). Ol 2008-nji ýylyn 4-nji noýabrynda bolup geçen saýlawda Amerikanyn 44-nji prezidenti saýlandy we prezidentlik wezipesini Jorj Buşdan aldy. 2012-nji ýylyň 6njy noýabrynda ol dalaşgär Mit Romni bilen bolan saýlawda ikinji gezek Amerikanyň prezidenti bolmagy başardy. Ol Amerikanyň ilkinji garaýagyz prezidentidir.

Durmuşy:
Ol Amerikanyň Gawaý ştatynyň Gonolulu şäherinde 1961-nji ýylyň 4-nji awgustynda doguldy. Özi bilen bir ada eýe bolan kakasy keniýaly ejesi Ann Dunham bolsa Amerikalydy. Obama heniz 2 yaşyndaka onyň ejesi we kakasy aýrylyşdylar we kakasy Bostondaky Garward uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy we keniýa yzyna dolandy. Ejesi bolsa okamaga gelen bashga bir talyp bilen ikinji gezek durmuş gurdy, Obamanyň kakasy hem öweý kakasy hem dine ähmiyet bermeýän musulmanlardandy.
Ejesi we kakasy bilen Indonezýa göçen Obama Jakartada başlangyç bilim aldy we soňra yene Gonoluluwa gaydyp gelen Obama 1979-njy ýylda orta bilimi gutaryancha ejesi we babasy bilen ýaşady. Ol 1983-njı ýylda Nýu-Ýorkdaky Columbia uniwersitetiniň syýasy bilimler bölüminden uçurym boldy. 1988-nji ýylda Garward uniwersitetiniň hukuk fakultetine girdi. Garward uniwersitetinde talyp mahaly talyplar tarapyndan ýöredilýän "Harvard Law Review" zhurnalynyn ilkini afro-amerikan baş dolandyryjysy boldy. 1991-nji ýylda aklawjy diplomyny aldy.
Obama 1989-njy ýylda Mişel Robinson bilen tanyşdy. 03.10.1992-nji ýylda öýlendi. Aýaly Mişel Obama 1964-nji ýylda doglan we ol hem Garward uniwersiteti hukuk fakultedi uçurymydyr. Barak Obama protestant hristýandyr.
Barak Obama 1992-2004 ýyllary aralykda çikago uniwersiteti hukuk fakultetinde talyplary okatdy, aklawjy bolup işledi we haýyr-sahawat işlerine gatnaşdy. Ol 1996-njy ýylda Illinois ştat senaty saylandy we syýasata tarap ilkinji ädimini ätdi, ol muny 1998 we 2002 ýyllarynda gaýta saýlandy.

2008-nji ýyldaky saýlaw:
Bu saýlawda ABŞ demokratik partiýasynda Obamadan başga Hillary Clinton, John Edwards, Joe Biden, Christopher Dodd we Bill Richardson ýaly birnäçe dalaşgärler hem gatnaşmakçydy. Her partiýadan gatnaşjak dalaşgarler her ştatda bashga bashga wagtda bolup gechyan saylawlar bilen kesgitlenyardi. 2008 yylbaşynda demokratik partiya dalaşgarlerinden Hillary Klinton we Obamadan başga ahli dalaşgarler çekildi. 2008-nji ýylyň 5-nji iyulynda Obama demokratik partiýa dalaşgari yglan edildi. Barak Obama 28-nji awgustda dalaşgarligi kabul etdi. Indi Amerika özünin ilkinji garayagyz prezidentini gormeginde onündaki yekeje böwet bardy, Jon Makkeýn: respublikan partiýa dalaşgäri. Bu iki dalaşgär 26-njy oktýabra çenli 3 gezek telewizorda görüşdiler. 4-nji noýabrda bolan saýlawda Obama sesleriň 52%sini almak bilen ilkinji garaýagyz prezident boldy. 2012-nji ýylda ol Mit Romniden üstün çykyp ikinji gezek prezidentlige saylandy.


##########


Donald John Trump (d. 14 iýun 1946: Queens, Nýu-Ýork) söwdagär, syýasatçy we Amerikanyň Bileşen Şatatlarynyň şu wagtdaky prezidenti. 8 noýabr 2016-da geçirilen saýlowlarda Respublikaçylar partiýasynyň dalaşgäri hökmünde Hillary Kinton-dan üstün çykyp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 45-nji prezidentli boldy.
Donald Trump 1960-nji ýyllarda käbir sebäplere görä okuwy taşlamaly bolýar. Soňra Pensilwaniýa Uniwersitetiniň Wharton Institute-ynda okaýar. 1971-nji ýylda kakasynyň kärhanasyny dolandyryp başlaýar. Kärhana "Trump Organisation" diýip atlandyrylýar we merkezini Manhattana geçirýär. Gysga wagtyn içinde myhmanhanalarda adyny tanadýar. 1999-nji ýylda kakasy aradan çykýar. 2000-nji ýylda bolan saýlawlarda Reform partiýasynyň başlygy hökmünde dalaşgär boldy we gysga wagtyň içinde dalaşgärlikden çykdy. 2001-ni ýylda bu partiýadan çykýar. 2004-nji ýylda NBC telekanalynda "Şägirt" (The Apprentice) gepleşigini taýýarlap şow dünýäsine gadam basdy. Käbir pikirleri üçin Parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi emma ýeňiji saýlanmady. 2016-nji ýylda saýlawlarda İslamofobik gepleri we beren wadalary bilen tankyt edildi. Forbes'iň 2016-nji ýylda dünýäniň iň baý 400 adamy sanawuna adyny goşdy. 2016-nji ýylda saýlawlarda ýeňiş gazanyp ABŞ taryhyndaky iň garry prezident boldy (saýlanan wagtyna çenli aralykda).

Maşgalasy:
Donald Trump nemes asylly bir maşgalada doglan. Dellek garry atasy Frederick Trump 1869-nji ýylda germaniýada dogulýar. 1885-nji ýylda häli 16 ýaşyndaka ABŞýa göçýär. Kanadanyň Klondike welaýatynda altyn resursyny tapdy. Diňe özi altyn çykarmak bilen çäklenmän altyn bilen baýamak isleýänlere iýip içer ýaly restoranlary açdy.Özi ýaly nemes immigrant Elizabeth Christ bilen 1902-nji ýylda toý etdi. Harby borjy ýerine ýetirmezlik we salgyt tölemezlik üçin Germaniýa gidýär. Ýöne gysga wagtyň içinde Amerika yzyna dolanýar. 11 oktýabr 1905-nji ýylda Fred Trump dogulýar. Frederick Trump 1918-nji ýylda ölenden soňra ýaşajyk Fred Trump ýaş bolsa hem söwdägarlige başlaýar. 22 ýaşyna ýeteninde Elizabeth Trump & Son ady bilen bir kärhana gurýar. Şol ýyllarada garalara garşy gurama agza bolanlygy sebäpli türmä basylýar. II jahan urşyyndan soňra kärhanasyny ulaltýar we uly bri baýlygyň eýesi bolýar. Şol ýylarda Nýu-Ýork Quenss-de jaý alyp satmaga başlaýar. Jynsparazlyk edip gara adamlara öý satmaýar. 1935-nji ýylda hyzmatkär şatland immigrant Mary Mecleod bilen durmuş gurýar. Maryanne, Frederick Jr, Elizabeth, Donald we Robert diýip çagalary bolýar.
Donald Trump şu wagta çenli üç gezek durmuş gurdy. Jemi üç sany ogly we iki sany gyzy we sekiz sany agtygy bar. Trump ilki bilen 1972-nji ýylda Çeh model Ivana Zelníčková bilen durmuş gurdy. Bu nikadan Donald Trump Jr., Iwanka we Eric dünýä indi. Jübüt 1992-nji ýylda aýrylyşsa hem ýakyn gatnaşykda boldular. 1997-nji ýylda Trump bu gezek aktrisa Marla Maples bilen nikalaşdy. Bu nakadan Tiffany dünýä indi. Iki ýyl soňra 1999-njy ýylda nika bozulýar. 2005-nji ýylda slowýan model Melaniýa Knauss bilen nikalaşdy. 2006-njy ýylda ogly Barron doguldy. Melaniýanyp saýlow kampaniýasynda adamsy hakyndaky eden çykyşy Barack Obamanyň aýaly Michelle Obamanyň Demokratik pariýasynyň mejlisinde eden çykyşyna meňzemegi dawa döretdi.


#
16
116
Перман.
11 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Aishaaa🌹
11 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
K.Maysa02
11 Aprel 2022
Türkmenistanyň serhedini çyzan G.Atabaýew
HoJoM
11 Aprel 2022
Yatan yeri yagty bolsun Gaygasyz Atabayew..! 🤲
K.Maysa02
11 Aprel 2022
Ady belli ýolbaşçylar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.