violinist
09.04.2022 11:09
Şu günki gazette çykypdyr goşgyñ,
Ýanyna-da ýelmenipdir suratyñ.
Goşgularñy şeýle gowy göremsoñ,
Suratyñam içgin-içgin synladym.

Goşgyñ bilen syrdaş bolup oturdym,
Ýazypsyñ bir gyzy çaksyz söýýäniñ.
Arzuw etdim,
"Wah, şol gyz men bolsadym",
Hem düşündim nämedigne söýmäniñ.

Ah, gizläp nädeýin, seni haladym,
Sen bolarly, şu çaka çen gözlänim.
Seniñ gözleñdäki üýtgeşik mähri,
Görmedim men gözlerinde özgäniñ.

Öñler "Söýgi näme?" diýseler maña,
Jogabyna egnim gysyp oñýardym.
Söýgä duşup, ykbalymy tapdym men,
Täleýimiñ sendedigni añmandym...

Aýjeren ÝAZDURDYÝEWA
11
64
BereketYusupow
14 Aprel 2022
Oran govy goshgy bashgada bamy bar bolsa 61157499 imodan ugratsanyz
❤GÜLHANYYM❤
9 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Aishaaa🌹
9 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Перман.
9 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.