https://owrenmeli.app/22221-duz-we-suw-.html#comment
zumerret_
09.04.2022 04:49
Duz we suw.
Obanyň ýaşulysy agtygynyň yzygiderli ähli zatdan zeýrenýändigini, ähli zat onuň üçin
gyzyksyzdygyna göz ýetirýär, we agtygynyň bu ýagdaýyna gynanýar.
Bir gün agtygyny ýanyna çagyrýar we aşhanadan bir bulgur suw bilen bir gysym duz
getirmegini isleýär. Oglanjyk bu zatlary getireninde, atasy duzyň ýarsyny bulgara guýup
garmagyny we bu duzly suwy “içmelidigini” aýtýar. Oglanjyk, duzly suwy içip içmän
agzyndakylary tüýkürmäge başlaýar.
Atasy:“Agtygym nähili?” diýip soraýar. Agtygy ýüzüni üýtgedip: “Şor” diýip jogap berýär.
Atasy agtygynyň golundan tutdy we ony daşaryk çykardy. Gürlemän az ilerdäki kölüň
gyrasyna äkitdi. Atasy agtygyna: “eliň aýasyndaky galan ýarym gysym duzy köle guý we
kölden guýyp suw iç diýdi. Agtygy aýdylany etdi.
Ýaşuly gaýtadan sorady:
“Tagamy nähili?”
Oglanjyk:
“Rahatlatyjy” diýip jogap berdi.
“Duzuň tagamyny aldyňmy?” diýip sorady atasy.
Agtygy: “ýok” diýip jogap berdi.
Ýaşuly kölüň gyrasynda dyza çöküp otyran agtygynyň ýanynda otyryp şeýle diýýär:
“Durmuşdaky kynçylyklar hem duz ýalydyr, ne azdyr ne-de köp. Hakykatda zyýanyň
mukdary elmydama birmeňzeşdir. Ýöne bu kynçylygyň täsiri, adamlaryň dürlüligine
bagly. Ýagny adamlaryň kabul edijiliginiň giň we darlygyna bagly. Şonuň üçin hem sen
mundan buýanadamlaryň kabul edijiliginiň giň we darlygyna bagly. Şonuň üçin hem sen
mundan buýana bulgur bolmagy goý-da we köl bolmaga çalyş” diýip nesihatyny
tamamlaýar.
18
60