https://owrenmeli.app/22203-ayralyk.html#comment
zolushka
08.04.2022 22:06
Megerem söýgä sataşmadyk ony duýmadyk ynsan bolmasa gerek. Bu dünýä söýgi bilen has-da owodan görinýär.Söýgä sataşan ynsanyň içgi dünýäsinde däl tutuş durmuşynda uly üýtgeşmeler bolýar. Ýylgyryşy özini alyp baryşy gürleýşi geýnişi tebigata bolan garaýşy üýtgeýär.. Söýgi şeýle ajaýyp duýgy ýöne....
Men söýgi dälde ajy aýralyk barada aýtmak isledim. Howwa howwa Aýralyk... Ynsan söýýäni ýanyndakada aýrylmakdan gorkýar. Ýöne süýji söýginiň ajy aýrylygy hem bar. Gynansakda bu hakykat.Her bir söýen söýgülisi bilen bagtly bolanok.Iň agyry näme-de ömrümiz hasaplan ynsanymyz ömrümizi kül etmegi. Bileje bagtly bolarys diýen ynsanymyz başga biri bilen bagtly. Söýgülimiziň başga bilen durmuş gurmagyny görmek bu diriligine gömülmek ýaly. Ynsan ýykylsa turmak üçin umyt bolýa, hereket etýä, işi başa barmasa täzeden başlaýar ýöne.. söýgülisiniň başga biri bilen. durmuş guranyny görmek ..Ölim hiç hili çäre ýok. Umyt ýok.
Şol pursat ýakymly sesler öçýär, al elwan öwüsýän tebigat gara reňke bürenip güneşiň öňini bulut tutýar bize ýakymly bolan bar zat daşa öwrülen ýaly bolýar ýöne aslynda bu biziň kalbymyzda bolup geçýän ýagdaý daş töwerek şol öňkiligini saklaýar.Şol wagt adamyň ruhy ölýär ýöne ynsan ruhy ölende dälde bedeni ölende gömilýär we biz bedenimiziň ölümine garaşyp ýaşaýas.....Durmuş bolsa dowam edýär.
10
153