Sanalan tesbi deý günleri gör-ä,
Çagalyk ýyllarmy alypdyr elden.
Öňler: «Wagt haýal geçýär» diýerdim,
Indi bildim onuň tizdigin ýelden.
Çakymdan has uzak eken ýodalar,
Aňlaýşymdan giň ekeni bu dünýä.
Kynlyk bilen tabyn bolan ýyllara,
Çagalygym alyslardan görünýär.
Käbämiň dilegi, yhlasym bilen,
Talyp boldum, münüp durmuş atyna.
Aladasyz çagalygy — obamy
Galdyryp baglandym kitap gatyna.
Alada-da etme nädýärkä diýip,
Sensizlikden çekýär diýmeseň ejir.
Ähli zada werziş etdi aýralyk,
Gyzyň öňki ýaly däl indi kejir.
Indi meniñ öňde goýan maksadym,
Şygyrlamdan gül döretsem nagyşlap.
Ýer ýüzünde bir at goýup gitmesem,
Men özümi bilmen asla bagyşlap.
Hem özümi bilmen asla bagyşlap,
Men haklap bilmesem iýen duzumy.
Käbäm, ine şeýle pikre gol berdim,
Şygyrlardan gözle indi gyzyňy.