Peşewi uzak wagtlaýyn saklamagyň bedene ýetirýân zyýanlary
Käbir ýagdaýlarda umumy hajathanalary ulanmak islemezligiňiz mümkin, ýöne peşewiňizi saklamak siziň pikir edişiňizden has köp zyýan ýetirip biler.
Hajathanany ulanmak üçin gaty köp garaşdyňyzmy we peşew haltanyňyzyň ýaryljak ýaly duýduňyzmy? Bedeniňiziň duýduryş signallaryny äsgermezlik etmek we peşewiňizi uzak wagtlap saklamak, peşew haltanyňyza we umumy saglygyňyza uly zyýan ýetirip biler. Sagdyn adamyň peşew haltasy, saklap biljek kuwwatyna ýetmänkä 400-500 millilitr peşew ýa-da takmynan 2 käse saklap bilýär. Sagdyn peşew haltasy has köp mukdarda peşew saklap bilse-de, yzygiderli peşew etmek gaty möhümdir.
Peşewi uzak saklamagyň zyýanlary näme?
Bedeniňizdäki ähli gan böwrekleriňizden süzülýär we ganyňyzdaky metabolik galyndy önümleri peşewiňiz bilen çykarylýar. Peşewi uzak saklamaklyk metabolik anormalliklere we elektrolit problemalaryna sebäp bolup biler, bu bolsa uzak wagtyň dowamynda böwrek ýetmezçiligine sebäp bolup biler. Mundan başga-da, peşewi köp saklasaňyz we peşewiňizi gowy boşatmasaňyz ýa-da ýygy-ýygydan boşadyp durmasaňyz, peşew stazy diýilýän ýagdaýy döredip, peşew ýollarynyň ýokançlygyny döredip bilersiňiz. Peşew haltasy myşsa bolup, wagtyň geçmegi bilen gowşap, peşew syzmagyna ýa-da peşew haltasynyň boşamagyna sebäp bolup biler. Seýrek we çynlakaý ýagdaýlarda peşewi uzak wagtlap saklamak, peşew haltanyň ýarylmagyna sebäp bolup biler.
Nä ýygylykda peşew etmeli?
Peşew halraňyz size doludygyny we gitmelidigiňiz aýtýan bolsa, bu duýduryşy diňlemek elmydama gowy. Bu aragatnaşyk, adatça beýniňiziň we peşew haltanyňyzyň aragatnaşygynyň gowy signalydyr. Iň gowusy, zerurlyk duýmasaňyzda peşewiňizi her 3 sagatdan boşatmak gowy pikir bolup biler!