violinist
07.04.2022 22:33
Käte öz-özüňe gaharyň gelse,
Puşman bolup, edenleriň ýatlagyn.
Meň-ä sensiz günler işdäm bolmady,
Ökünjiňden, senem hiç zat datmagyn.

Käteler diňleseň kalbyň sesini,
Sora ondan edenleriň dogrumy?
Tiziräjik bu ýagdaýy çözmesek,
Maňa azap sensiz günleň agramy.

Käte pikir etseň, ýalňyşlaň hakda,
Diňe men däl, özüňede seretgin.
Ýüzleşmäge tapylmasa bahana
Jaň etmäge özüň sebäp döretgin.

Ýa-da kejirligiň rugsat bermese,
Men ädim ataýyn, iterme meni.
Eliňdekä senden ýeke haýyşym:
Söýýärkäm, gaýrat et, ýitirme meni..!


Esen Esenow
15
76
halmyrat_gmail_com
8 Aprel 2022
G🌼.., 👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👍👍👍👍👍👍👍hemme setirem aydyma layyk malades howri kop bolsun yeneki yyllar yeneki aylar yeneki gunlerde gowy post paylasmak nesip etsin hemma
HoJoM
7 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Gulshat_
7 Aprel 2022
😊😊😊😊😊😊😊
melejik
7 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.