SSSB
Gapymyz kakylýar ýuwaşlyk bilen,
Ýakymly eşdilýär tyrkyldy sesi.
Hat gatnadýan berýär bir syrly bukja,
Eýýäm maňa aýan hatyň eýesi.
Ünsem berenok ol goja ýaşuly,
Hatyň nirden gelip, ýetenin nirä.
Diňe daşyndaky ýazgysyn okap,
Diýýär: " Syrly atly ýollapdyr bir-ä".
Ýüregimiň söýgi keşdesi ýaly,
"SSSB" sözi şeýle ýakymly.
Saňa örklenendir ömrümiň örki,
"Seni Söýýän Serhetçi Bar" lakamly!
Hoş habar paýlaýar ýene şol goja,
Gadamy dogumly keşbi haýbatly.
Bilenok ol hatyň oglundandygyn,
...Ýene-de gapymyz kakylýar batly.
" Wagt geçip dur. Gulluk wagty azalýar. Ýene-de sanlyja günlerden Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edip gelerin..."