"Gije bilen Aý. Biri garaňky, biri ýagty. Biri elmydama bar, biriniň belli bir sagatlary bar. Birisiz beýleki hiç haçan peýda bolup bilmez. Aý gijä mätäç, gije ýok bolsa, hiç kim onuň barlygyny hem bilmez. . Emma Gije ajaýyp, we uly. Gije Aý bolmasa-da, hemmeler Gijäni görýärler, ýöne muňa garamazdan, gije Aýyň özi bilen bolmaga, garaňkylygy bölmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi Gije Aýa aşyk. Gije diňe garaňkylyg mätäç. Gije Aý şöhlesine mätäç däl! Ýöne Aý beýle däl. Aý Gijä mätäç, Gije bolsa oňa aşyk"
"Gije bilen Aý bir-birine bagly bolşy ýaly, Gün bilen Gündiz hem şeýle. Gündiz ýagtylykdyr, her ýagtylygyň çeşmesi Gün. Hatda Aýyň ýagtylygynyň çeşmesi hem Gün, Günüň we gündiziň söýgüsi şeýle bir ajaýyp welin, belki Gije we Aý olarsyz hiç haçan duşuşmazdy. Gün sönse, Aý şöhle saçmaga dowam edip bilerdimi? Gün bolmasa. Gije aşyk bolan Aýyny görüp bilermi? Gündiz Güne, Gije Aýa, Aý Güneşe mätäç .. Beýik söýgi beýleki söýgilere-de ylham berýär diýýärler. Günüň Gündizini ýagtylandyrmagy, Aýyň Gijäni ýagtylandyrmagyna ylham diýip pikir etmeýärsiňizmi... "