https://owrenmeli.app/22086-0704.html#comment
violinist
07.04.2022 00:10
Öçen umutlarmy şem ýaly ýakyp,
Öýkenime howa bolan bir demsiñ,
Täsin duýgy bilen gözlerme bakyp,
Düýş bolup huşuma oýaran sensiñ!...
Ýalñyzlyk gurşanda töwerek-daşym,
Hatarly gijeler, kalbyma nemsiñ,
Dermansyz hassa dek solamda käte,
Özeni kesmeklän ýarama emsiñ.
Garaz bu barlyklar, tüm ýaly göwnim,
Senden has alysa atarybersin,
Ajap duýgyñ bilen jadylap meni,
Bagta eltip biljek ýeketäk ynsan,
Sensiñ, sensiñ, sensiñ!...
Awtory:Baýram Bejidow
10
82