Elvan777
06.04.2022 20:53
Men durmuşa başgaçarak düşünýän,
Durmuş köl içinde ýatan suw däldir.
Ol mydama däli derýa deý joşup,
Öz akymy bilen öñe gidyändir.

Durmuşy hakykat bilen agtaryp,
Her gün gussa bilen atardym dañy.
Maña bu durmuşda rol berilmedi,
Ilki oýnap soñra goyarym ýaly.

Indi geçenleri ýatlap otursam,
Sanardan köp eken durmuşyñ derdi:
Ömür gülüp ýören meni agladyp,
Ömür aglap ýören meni güldürdi.

Ýöne däli derýañ soñuda bolýar,
Durmuş kitabynda ýapylar gatym.
Meniñ kimdigime düşüner olar,
Bir gysym topraga garylan wagtym.
9
36
Поладов
7 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Elvan777
6 Aprel 2022
жемчужина, hawa in gowy goryan goshgularymyn biri🙂

Myhman Myhman, spasibo
Myhman Myhman
6 Aprel 2022
Haladimm gosgyny
melejik
6 Aprel 2022
жемчужина,menem size gosulyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.