Öz-özüňe ýalan sözlemek ýaly gysga wagtlyk nepi degýän ýagdaýlar köplenç halatda durmuşda entäk ýeterlik tejribämiziň bolmadyk döwründe ýüze çykýar. Şol döwürde näme etmelidigini, nähili ýoly saýlamalydygyny ýüregimize geňeşmegiň ýerine, özümizi beýleki kişiler, aýratyn hem deň-duşlarymyz bilen deňeşdirmek arkaly anyk karara gelýäris. Bu bolsa soňy bilen ýüze çykjak ençeme şowsuzlyklaryň başyny başladýar. Maña görä, bagt munuň özi hemmeler üçin gymmatly bolan zat däl-de, diňe seniň üçin gymmatly bolan zatdyr. Şu kada eýerip ýaşap bilýän adam bagtly bolmagyň ilkinji syryny özleşdirdi diýmekdir. Eger-de, käwagt kalbyňa gulak goýup, öz-özüňe “Meniň barýan ýolum meni bagta eltýärmi?” diýen sowaly sorasak we ýürekdeşlik bilen jogap bersek, soňy bilen ençeme gezek puşman etmeklikden saklanyp bileris.