Begench Malikgulyyew
01.02.2020
Bilim.
18
4 339

Geni üýtgedilen kebelekler tebigata salyndy

Dünýäniň ilkinji geni üýtgedilen kebelekleri (güýe) tebigata salyndy

Dünýäde ekerançylykda oba-hojalyk önümlerine zyýan berýän birnäçe mör-möjekler belli. Bularyň biri hem almaz kelebekleri. Birnäçe ösümlik üçin zyýankeş bilinýän bu kebelekleri gözegçilige almak üçin geni üýtgedilen kebelekler ulanyldy.

Plutella xylostella ýa-da başgaça bilinýän ady almaz kebelekleri ak kelem, kelem, brokoli kelemi we raps (ýag alynýan atanak güllüler maşgalasyna degişli ösümlik) ýaly ösümlikler üçin iň zyýanly we ýok ediji mör-möjeklerden biri. Bu jandar mör-möjeklere garşy dermanlara hem çydamly bolup, ýetip bilen ösümliklerine başardygyndan zyýan berýär. Esasan hem Hytaýda görülýän bu mör-möjek, ülkäniň iň esasy medeni ösümliklerinden biri bolan kelemleriň ýetişmesine örän päsgel berýär.

Biotehnologiki şereket bolan Oxitech-de işleýän Dr. Neil Morrison bu mör-möjekler barada “Almaz kebelekleri, ýylda 4 -5 milliard dollara barabar bolan we dünýä möçberinde zyýanly hasaplanýan mör-möjek. Birnäçe mör-möjek dermanlaryna çydamly bolan bu kebelegiň ýok edilmesi örän kyn” diýip aýtdy.

Oxitech bu kebelekleriň orta çykarýan meselelerine garşy durmak üçin öz-özüni çäklendirýän geni üýtgedilen almaz kebeleklerini döretdi. Technology Networks-e habar beren Morrison, öz-özüni çäklendirýän kebelekleriň zyýanly we allergen däldigini dile getirdi.

Geni üýtgedilen erkek kebelekler, tebigata salynýar we urkaçy kebelekler bilen jübütleşýär. Munuň netijesinde öz-özüni çäklendirýän genler, çaga geçýär we bu hem urkaçylaryň ýaşama wagtyny azaldýar.

Frontiers in Bioengineering we Biotechnology žurnalynda görkezilen bir makalada, Oxitech kebelekleriniň dünýäde ilkinji gezek açyk meýdana ýaýrandygyny we bu metodyň hem köpeliji we zyýanly mör-möjekleri tertibe salmakda peýdaly boljakdygy aýdyldy.

Kebeleklerden daşynda bu usuly ulanyp boljak başga zyýanly mör-möjekler barmy soragyna jogap beren Morrison, “Öz-özüni çäklendirýän çybynlar, Braziliýa, Panama we Kariblerde ulanylmaga başlanyldy. Gyzdyrma, zika wirusy, çikungunýa wirusy we sarygetirmäniň ýaýramagyna sebäp bolýan Aedes aegypti populýasiýasy gözegçilige alyndy ” diýdi.

Morrison, mundan başgada Oxitech-iň häzirki wagtda gyzdyrma garşy işe başlap, gyzdyrma keselini göterýän iki çybyn görnüşine garşy netije almak üçin işleýändiklerini dile getirdi. Morrison, öz-özüni çäklendirýän usulynyň birnäçe zyýanly mör-möjek görnüşleri üçin döredilendigini hem belledi.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/genetigi-degistirilmis-guveler-dogayasalindi-h84682.html


GaxrymaN
17 Fewral 2020
imo giryan bolson db edayda
1 604 330 7075
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
menem goslyan
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
olaryaly yalnyslyk bolmaz ol zaltar bilgesleyin
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Durmusda her kimen yalnysyp biler
Myhman Aliya
2 Fewral 2020
Nirden gorduniz aydayynda meninem bilesim gelyar goresim gelyar
Myhman Aliya
2 Fewral 2020
Menem goresim gelyar burden gorup bilerin
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
????
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Kisinin olumini dilaninden oz jan saglygyny dile?
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Hakyky
guga00
1 Fewral 2020
Menem gordum shony
Возможность комментирования данной публикации было отключена.