violinist
06.04.2022 10:15
Älem ses edende, dünýe saýranda,
Eliň tutup gürleşesim gelende,
Her kişi ýarynyň waspyn söýlände,
Meňem saňa birleşesim gelende
Nirede bolduň?

Tokaýlyklar öreninde saçyny,
Saçlarymyň örülesi gelende,
Arzuwym sygmansoň janyň içine,
Ýüregimiň ýarylasy gelende
Nirede bolduň?

Çarpaýa galanda wepaly bedew,
Ýakynyňda duýulasym gelende,
Saňa wepam doly gursagmy açyp,
Ah, şeýle bir söýülesim gelende
Nirede bolduň?

Ýaşyl otlar gurşanynda daşyňy,
Ömrüm saňa duşurasym gelende,
Goýara ýer tapman ýalňyz başymy,
Diňe saňa gowşurasym gelende
Nirede bolduň?

Geldiň bu gün, gözüm üste ornuň bar,
Ýok wagtyňam goşa didede bolduň,
Ümsümlikde, gara gijede bolduň,
Ýöne saňa juda mätäç mahalym
Nirede bolduň?

Suraý BABANYÝAZOWA
14
119
ylham_gurbanaly
6 Aprel 2022
G🌼..,😊😊😊
ylham_gurbanaly
6 Aprel 2022
G🌼.., "gizlinmi" sen?)
ylham_gurbanaly
6 Aprel 2022
G🌼.., bulam bujar bolupdyr aňram)
ylham_gurbanaly
6 Aprel 2022
G🌼.., akgynly däl o diyen(:
halmyrat_gmail_com
6 Aprel 2022
Palwan Guwajow 👈 sul nikli bos gurlefi welin sizem ona ynanyp yuz berman basladynyz
HoJoM
6 Aprel 2022
HalmyratGmail.com., Saglykmy,name bolly..?
halmyrat_gmail_com
6 Aprel 2022
HoJoM, bir zada gahar gelyaray esasy Palwan Guwajow 👈 nikla
N.T.
6 Aprel 2022
❤❤❤❤❤👍👍👍👍👍
melejik
6 Aprel 2022
Çooook guzel 👍👍👍👍
HoJoM
6 Aprel 2022
G🌼.., Duygulandyrdy..! 😒
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.